Häzirki wagta çenli üsti açylan iň gadymy kitaphana bu – b.e.öňki VII asyrda ýaşap geçen Assiriýa patyşasy Aşşurbanipalyň kitaphanasydyr. Bu kitaphana gadymy Assiriýa döwletiniň paýtagty Ninewiýa şäherinde ýerleşen patyşanyň köşgünde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylýar. Ol diňe bir özüniň gadymylygy bilen tapawutlanman, eýsem onda saklanylan ýazgylar bilen hem tapawutlanýandyr. Iň gadymy kitaphanalaryň nähili bolandygy hemmeler üçin hem gyzykly bolsa gerek?! Mälim bolşy ýaly, Aşşurbanipal  döwlet başyna geçmezden ozal din ugry boýunça bilim alypdyr. Ol örän bilimli bolup, birnäçe dillerde geplemegi başarypdyr we matematikadan hem-de dini däp-dessurlardan gowy baş çykarypdyr. Ol tagta geçeninden soň, ylmyň ähli ugurlaryna degişli bolan kitaplary toplap başlapdyr. Kitaplary toplamak işi çärýek asyrlap dowam edip, netijede özünde kitaphananyň we döwlet arhiwiniň wezipelerini jemleýän uly bir toplum emele gelipdir. Klinopis bilen ýazylan ýazgylar palçyk tagtajyklarynda saklanylypdyr. Kitaphanada saklanylan ýazgylar şumer, assir, wawilon we akkad dillerinde ýazylypdyr. Olaryň käbirleri, mysal üçin ensiklopediýalar we sözlükler iki dilde, ýagny şumer we akkad dillerinde bolupdyr. Ýazgylaryň köpüsiniň 6 sany göçürmesi bolupdyr. XIX asyryň ortalarynda arheologlar tarapyndan üsti açylan Aşşurbanipalyň kitaphanasy we onda saklanylan ýazgylar gadymy Mesopotamiýanyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek üçin alymlara uly ylmy gollanma boldy.

Abdullaýewa Gülçemen,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.