Daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek dil taglymatyndan gelip çykýar. Ösüp gelýän ýaş nesle daşary ýurt dillerini öwretmekde okatmagyň ýokary hilli usullarynyň ähmiýeti uludyr. Dil babatdaky taýýarlyk ýaş hünärmenler üçin uly artykmaçlykdyr, ol adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, raýatlarymyzyň öňünde giň mümkinçilikleri açýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda birnäçe dilleri öwrenmek asylly ýörelgä öwrüldi. Indi köp dil bilýän hünärmenleriň sany barha artýar. Biziň günlerimizde ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini bilmegiň özi maglumat tehnologiýalaryndan erkin peýdalanmaga, şahsyýetiň aň taýdan kämilleşmegine, ukypdyr başarnygynyň ýokarlanmagyna täsir edýär. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň barha rowaçlanmagy, ozaly bilen, ýurdumyzyň sebit we dünýä möçberindäki taslamalara işjeň gatnaşmagy bilen gös-göni baglanyşyklydyr.

Rus dili dünýäde iň meşhur döwlet dilleriň hatarynda tanalýandygy belki-de hemmämize mälim bolsa gerek. Bu baýramçylykda rus halky, esasan hem, milli naharlary bolan böregiň dürli görnüşleri bilen toý saçagyny bezeýär. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurduň dürli künjeklerinde köp sanly medeni çäreler guralýar.

Rus dili giň hem-de gadymy dil. Bu dili öwrenmek hem kyn däl. Alymlar rus dilini öýde hem öwrenip boljakdygyny aýdýarlar. Häzirki wagtda internetiň barha pajarlap ösmegi netijesinde, “YouTube” we beýleki birnäçe onlaýn platformalarda rus dili bilen bagly gyzykly sapaklar her bir öwreniji üçin elýeterdir.

Serwer Allanazarow,

Türkmen oba hojalyk institutynyñ Oba hojalygyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyñ 1-nji ýyl talyby.