Köpsanly ýurtlardan myhmanlar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler. Hormatly Prezidentimiz milli medeni mirasymyzy, gözel topragymyzy, ýyndam türkmen atlaryny gözöňüne getirip, öz buýsanjyny, bedewlere bolan hormatyny wasp edýär.
Bedew – bu baýlyk hökmünde we tohum atlarynyň şu güne çenli ýetirilmegi bilen gymmaty has ýokary hasaplanylýar. Her bir türkmen bu ajaýyplygy sungatyň dürli ugurlary boýunça waspyny ýetirýärler. Şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, binagärlik, amaly-haşam sungaty we beýleki milli sungat ugurlary boýunça bilim alýan talyplarynyň we halypa mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallym we talyplarynyň gatnaşmagynda “Türkmen bedewi” atly sergisinde ahalteke bedewlerini buýsanç bilen, höwes bilen döredijilik eserlerinde wasp etmäge çalyşdylar. Bu ugurlaryň içinde “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynda zergärçilik bölümi bolup, ýeke bir milli zergärçilik sungatynyň tärlerini öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, halyçylyk we keramika sungaty hakykaty suratlandyrýan (realistik) şekillendiriş sungatynyň hem çylşyrymly tärlerini özleşdirýärler. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen halkynyň “Milli bedew” baýramyny dabaraly geçirmekleri bilen, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Türkmen bedewi” atly bäsleşik sergisi geçirildi. Ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan edildi. Sanlyja günden suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Bu döredijilik sergisine Amaly-haşam sungatynyň zergärçilik eserleri boýunça gujurly ýaş zergär Abraý Annaýew “Milli mirasym” atly at şaý-sepiň toplumy bilen gatnaşdy. Onuň ýerine ýetiren eserinde XIX – XX asyrlaryň başynda türkmen zergärçilik sungatynyň ösüşiniň esasy ugruny, hakyky durmuşyň mazmunyny şertli şahyranadan umumylaşdyrylan görnüşinde şöhlelendirilipdir. Haşam gurluşyň çeperçilik labyzlylygy eseriň keşp gurluşynda ýüze çykýar. At şaý-sepiň esasy süňňi kümüşden bolup, altyn çaýma usulyny ulanýar. Hakyk we “pöwrize” gaşlaryny gaş öýlerine berkidip, örän nepislik bilen “nerrek”, “ýylanyzy” we beýleki goşmaça geometrik şekilli nagyşlary ulanýar. Atyň şaý-seplerine ilki bilen göwüsbent degişli bolup, bezeg üçin atyň göwsüne atanaklaýyn dakylýan ýüzi kümüş “guşgözi”, “sytaraly” şaýly ýasy gaýyş bilen bezelýär.
Bu şaý-sepleriniň ulanylyş däpleriň taryhy köklerini kesgitlemek kyn däl. Türkmen ýigidiniň wepaly dosty bolan bedewi haý-haýly tutlyşyklar wagtynda ýaýyň oklaryndan we naýzalardan goramaly bolupdyr. Şonuň üçin adamlar özleriniň wepaly syrdaşlaryny başardyklaryça gorapdyrlar. Şeýlelikde ýaş döredijilik ynsanlaryň dürli mowzuklarda, islendik sungatyň üsti bilen bedewleriň waspynyň edilmeginiň özi hem hormat goýmagymyzdadyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň zergärçilik sungaty uly özgerişleri, ösüşleri başdan geçirýär. Bu sungat täzeden jan berýän zergärleriň işleri diňe bir halkymyzyň däl, eýsem dünýä halklarynyň gyzyklanmasyna, söýgüsine mynasyp bolýar. Zergärçilik sungaty bu günki günde özüni ýene bir ýola ykrar etmäge we geljekki neslimize uly mirasynyň aglaba bölegini bütewi ýagdaýda ýadygärlik goýmaga mümkinçilikler bardyr. Biziň ussat zergärlerimiz ata-babalarymyzdan galan medeni mirasymyz bolan zergärçilik sungatyny halypa şägirtlik ýolunyň dowam edýändigini görkezýär.

Gülendam MUSAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby