Türkmen halk nakyllarynda, halk dörediliginiň dürdänelerinde “Dil bolmasa, il bolmaz”, “Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam” diýlip, milli diliň ähmiýetine ýokary baha berilýär. Millet, halk diýen bitewiligiň emele gelmeginde umumy dil esasy wezipeleriň birini ýerine ýetirýär. Ilkinji bellemeli zat, dil – onda gepleýän halkyň milli medeniýetiniň aýnasydyr. Ol ynsan medeniýetiniň önümi we onuň ýaşamagynyň esasy şertidir, milletiň medeni taýdan bitewiliginiň görkezijisidir. Dil halkyň asyrlaryň dowamynda toplan tejribesini nesillere geçirmegiň esasy serişdesidir.

Bu barada Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşlarynyň birinde: “Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ylym-bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biridir. Öňe sürýän beýik başlangyçlarymyzda, uludan tutulýan döwletli işlerimizde hemişe ylma daýanýarys”-diýip belleýär.

Şol bir wagtyň özünde hem ene dilimiz bilen bir hatarda dünýä dillerini öwrenmek türkmen milletiniň taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny, ruhyýetini öwrenmek bilen bir hatarda alnyp barylmalydyr. Mundan başga-da dil sapaklary ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemegiň esasy serişdesidir.

Bu barada belli rus alymy L.Uspenskiý şeýle ýazýar: “Çagalygyň iň irki döwürlerinden başlap garrylygyna çenli adamynyň bütin ýaşaýşy dil bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çaga entäk gürlemäni hem oňly başarmaýar, emma eýýäm onuň gulagy eneleriň gyzykly ertekileri, ejesiniň hüwdi aýdýan sesinden ganýar. Ýetginjek mekdebe gidýär. Ýaş ýigit institutyň gapysyndan girýär. Mugallymlaryň gyzykly gürrüňlerinden, kitaplardan sözüň kömegi bilen gözleriniň entek görmedik (mümkin, hiç haçan görüp hem bilmejek) zatlary bilen tanyşýar. Dil – adamlaryň özara habarlaşyp, biri-birine islendik pikirlerini ýetirip bilýän serişdedir”.

Gysgaça aýdylanynda, türkmen dilini, dünýä dillerini we onuň aýry-aýry düşünjelerini öwretmegiň esasy maksady öz Watanyna wepaly, jemgyýetiň sowatly, türkmen dili, onuň grammatiki gurluşy barada belli bir derejede bilimleri ele alan, diliň serişdelerini dürli ýagdaýlarda ussatlyk bilen ulanyp bilýän, sözleýşiň dürli stillerini (tärlerini) ele alan, döredijilikli, özbaşdak işlemegi başarýan raýatyny terbiýelemekdir. Döwletimizde ene dilimizi, şol sanda dünýä dillerini öwrenmek üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Bu mümkinçilikleriň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän tagallalary ýatyr. Ene dilimiziň erkinligi, millligi, dünýä derejesindäki orny ugrunda dynuwsyz aladalary edýän, dünýä dillerini içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutmly işleri hemişe rowaç alsyn.

                         Allanazar GUWANJOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,

Oba hojalygynyň  ykdysadyýeti we dolandyrlyşy taýýarlyk ugrunyň  1-nji ýyl talyby.