Gündogarda Beýik Oýanyşy döreden alymlaryň biri Abu Ali Hüseýin ibn Abdylla ibn Hasan ibn Sina bolup, onuň ady adamzat jemgyýetiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol Günbatarda Awisenna ady bilen meşhur boldy. Ibn Sina astranomiýa, geologiýa, matematika, mehanika, fizika ýaly barça ylymlarda uly yz galdyrypdyr.
Ibn Sinanyň Köneürgençde hem hem Nusaýda ýaşap, birgiden ylmy eserleri döredendigi, nähoşlary, bejerendigi hakda maglumatlar bar. Olarda Ibn Sinanyň 280-den gowrak ylmy iş ýazandygy aýdylýar.
Ibn Sina aradan çykanda bary-ýogy 57 ýaşynda eken. Ol şu gysga ömründe köp horluklary, sergezdançylyklary başdan geçiripdir. Alymyň “Ömür ýazgysynda” onuň maşgalsy barada hiç zat aýdylmaýar. Alym ömrüniň köpüsini ýat ýurtlarda maşgalasyz geçiripdir.şu zatlara garamazdan, ol özünden soňky nesiller üçin ummasyz uly ylym galdyryp gidipdir.
Ensiklopedik alym matematka, himiýa, astronomiýa, geologiýa ylymlaryna hem üns beripduir. Alym dil ylmyna-da uly goşantlar goşupdyr.
Inb Sinada astronomiýa bolan höwes ýaşlykda döräpdir. Ol Ýewkilidiň “Başlangyç”, Ptolomeýiň “Almagest” kitaplaryny heniz ýetginjek mahalynda okapdyr. Astronomiýa ylmyna degişli “Astronomik instrument hakynda traktat”, “Älemiň merkezinde Ýeriň ýagdaýy hakynda”, “Asman sferasy we adamlaryň ýaşaýan jaýy”, “Ýyldyzlaryň hökümini ýalana çykarmak” we başga-da birnäçe traktatlar ýazypdyr.
Inb Sinanyň geologiýasy geologiýasy Birunyňky bilen bilelikde yslam geologiýasynyň iň ýokary derejesi, çürbaşy hasaplanýar. Ol ýer gabygynyň ewolusiýasy hakyndaky teoriýany hem işläp düzüpdir. Alym filosofiýa, edebiýat, saz medisina ylmynda öçmejek yz goýupdyr.