Akyldar şahyryň terjimehalyny öwreniji alymlaryň çaklamalaryna görä, Magtymguly Pyragy 1724-nji ýylda doglupdyr we 1807-nji ýylda dünýeden ötüpdir.

Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda Magtymgulynyň durmuş we döredijilik ýoluny ylmy esasda öwrenmekde ep-esli işler edildi. Muňa seretmezden, taryhy çeşmeleriň gytlygy zerarly, entek doly aýdyňlaşdyrylmadyk meseleler hem ýüze çykýar. Şeýle meseleleriň biri hem şahyryň doglan we dünýäden öten wagtyny anyklamak meselesidir.

Okuw kitaplarynda, şonuň ýaly hem beýleki ylmy işlerde şahyryň doglan we aradan çykan ýyllary dürli-dürli berilse-de, esasan, 1733-1782-nji ýyllar getirilýär. Bu seneleriň şahyryň biografiýasy bilen baglanyşdyrylmagy wenger alymy A.Wamberiniň «Orta Aziýa syýahat» atly kitabynyň esasynda. A.Wamberi öz kitabynda şeýle ýazypdyr: «Ol (Magtymguly–A.A.) türkmenleriň gökleň taýpasyndan, segsen ýyl mundan ozal bolupdyr». Mälim bolşy ýaly, A.Wamberi Orta Aziýa 1863-nji ýylda gelýär. Şol ýyl hem Gyzyl ahundan ol şahyr baradaky maglumatlary alýar. Ine, şol maglumat esasynda hem Magtymguly 1783-nji ýylda dünýäden ötüpdir diýlen netijä gelnipdir. A.Wamberi Magtymgulynyň näçe ýaşda aradan çykandygy, has dogrusy, şahyryň doglan wagty barada hiç hili maglumat bermändir. Muňa garamazdan, Magtymgulynyň doglan senesi hökmünde 1733-nji ýylyň kabul edilmegi hem A.Wamberiniň Gyzyl ahuna salgylanyp beren ýokarky we halk maglumatlarynyň esasyndadyr. Bu hakda türkmen edebiýatyny ilkinji öwrenijileriň biri Ahundow Gürgenli 1939-njy ýylda şeýle ýazýar: «XIX asyr Ýewropa alymlaryndan Wamberiniň diýmegine görä, Magtymguly 1783-nji ýylda aradan çykan bolsa, soňky wagtlarda onuň öz nesilleriniň arasyndan ýygnalan has ynançly bir materialymyza görä, Magtymguly 1195-nji hijri, ýagny 1780-nji ýylda 49 ýaşynda wepat bolupdyr». A.Gürgenli 1940-njy ýylda Magtymgulynyň şygyrlaryny çap etdirip, oňa ýazan sözbaşysynda hem bu pikirini gaýtalaýar: «Magtymguly 1731-nji ýylda eneden doglup, 1780-nji ýylda hem ölýär». Bu neşiriň yzýany, ýagny 1941-nji ýylda Ruhy Alyýew bilen Gürgenli Ahundow şahyryň şygyrlarynyň üçünji neşirini çap etdirýärler. Magtymgulynyň bu neşirine sözbaşy ýazan R.Alyýew: «Magtymguly Pyragy 1733-nji ýylda Etrekde, Giňjaý diýen ýerde Akdepe atly belli depäniň ýanynda eneden doglupdyr» diýip, şahyryň doglan ýylyny A.Gürgenliden tapawutlylykda 1733-nji ýyla getirýär. R.Alyýew şahyryň aradan çykan senesi barada hem A.Gürgenliden tapawutly pikir ýöredýär. Has takygy, ol bu barada şeýle ýazýar: «Magtymguly 50 ýyl çemesi ýaşap, 1782-nji ýylda aradan çykýar» .

Gurbanowa Güljemile,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ
3-nji ýyl talyby.