Biziň halkymyz ylymly-bilimli,ökde ýaş hünärmenleri bilen beýik ösüşlere, bagtyýar geljege batly gadam uryp bagtyýar geljegi gurýar. Ylym-bilim ähli ösüşleriň özeni üstünlikleriň gözbaşy hasaplanýar. Hakykatdan-da häzirki zaman ylmyny ösdürmek, kämilleşdirmek, sanly bilimi ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar bagtyýar geljegimiz üçin edilýän uly ädimdir. Ýaşlaryň alýan ylym-bilimlerini doly ýüze çykarmak, ösdürmek, olary durmuşa geçirmek, ylymly nesli kemala getirmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap şertler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat şäherine hem-de Arkadag şäherindäki Oba hojalyk toplumyna bolan iş saparynda ylmy-barlag däneçilik, pagtaçylyk, ekerançylyk institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşanda hem ýaşlary ylma çekmek, ýaş hünärmenleri döwrebap tehnologiýalardan çykarýan gujurly ýaşlary terbiýeläp olardan ökde hünärmenleri taýýarlamak barada durup geçip şeýle diýip:
__ Bu ylmy institutlar oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi täzeçe guramaga ýardam bermelidir. Ýaş hünärmenleriň tejribe toplamagyna, özbaşdak oýlap tapyşlar bilen meşgullanmagyna itergi bermelidir. Oba hojalygynda äjli işler ylmy esasda alnyp barylmalydyr. Bu bolsa ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmäge şert döreder – belläp geçdi.
Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyz oba hojalykçy alymlar bilen duşuşyklaryň guralmagynyň, oňa ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş mugallymlarynyň işjeň çekilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna hem ünsi çekdi.
Akmamedowa Aynur,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünya dilleri institutynyň Gündogar dilleri ve edebiýaty fakultetiniň Koreý dili ve edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby.