Ýurdumyzyň durnukly ösmeginiň, Watanymyzyň barha kuwwatlanmagynyň hatyrasyna ýaşlaryň gurujy, dörediji, oýlap tapyjy, ösen aň-düşünjeli intellektual derejesini kemala getirmek häzirki döwrüň möhüm aýratynlygydyr. Bu aýratynlyk ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bilelikde, onuň ösmeginde esasy hyzmaty ýerine ýetirýän bilim ulgamynyň bazar gatnaşyklary şertlerinde dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrylmagy bilen şertlendirilýär.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek hem-de uzak aralykdan bilim bermek arkaly bilim ulgamyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Häzirki zaman jemgyýet soňky onýyllykda maglumat jemgyýetine öwrülip, ýokary depginde hereketli häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa maglumatlara we hyzmatlara elýeterliligiň ulanyjylar üçin, olaryň nirede we haçan bolýandygyna garamazdan, hemişelik esasda üpjün edilýändigini aňladýar. Şeýle hereketliligi üpjün etmek üçin kompýuter enjamlarynyň täze görnüşleri (smartfonlar, planşetler we ş.m.), şeýle hem maglumat gorlary we hyzmatlary bilen işleşmegiň täze tehnologiýalary (“bulutlaýyn” tehnologiýalar) peýda boldy.

Sanly bilim ulgamynyň maglumat giňişligini döretmekde we mundan beýläk ösdürmekde bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň ileri tutulmagyny üpjün etmek zerurdyr. Sanly bilim şertlerinde tehniki serişdeler diňe bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün edýän gurallar bolup durýar. Häzirki döwürde milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny ösdürmek we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksady bilen Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň 30-na “2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny” tassyklady.

Konsepsiýany üç tapgyrda amala aşyrmak maksat edinilýär:

1-tapgyr 2019-njy ýylda;

2-tapgyr 2020-2023-nji ýyllarda;

3-tapgyr 2024-2025-nji ýyllarda.

 Daşoguz şäheriniň 2- nji çagalar bakja- bagynyň terbiýeçisi Feruza Jumanowa