Planetada alymlar tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijesinde Marsdaky ýerasty gurluşlaryň radiasiýa mümkin bolan janly organizmleriň goragy bolup biljekdigini tassyklaýar.
Gyzyl planetadaky durmuş ýokary radiasiýa ýaly kynçylyklara duçar bolsa-da, alymlar Tarsis sebitinde wulkan işjeňliginiň we ortasynda buz ýataklarynyň barlygyny öwrendi Üsti açylýan bu giňişlikler täze geljegi açýar.
NASA-nyň Jet Propulsion Laboratoriýasyndan doktor Aditýa Kuller buz bilen tozanyň birleşmeginiň “radiatiw ýaşaýyş zolagyny” döredip biljekdigini nygtaýar. Gözlegler dowam edýär we alymlar henizem Marsyň öwrenilmedik burçlarynda durmuşyň yzlaryny tapmagy umyt edýärler.
Mundan başgada Marsyň ýüzünde gadymy suw joşmalarynyň yzlary bar, ýöne häzirki wagtda Marsda suw diňe seýrek bulutlarda we buzly toprakda bolýar. Marsyň dag eteklerinde duzly suw galyndylary hem tapyldy. Marsda bir gün 24 sagatdan gowrak wagty alýar. Ýer şary bilen deňeşdirilende, bir Mars ýyly 687 Ýer gününe deň bolýar.
Kebeliýewa Ogulnabat
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 401-nji toparçasynyň talyby