Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG tarapyndan resmi taýdan bitarap döwlet höküminde ykrar edilip, halkara syýasatynda täsirli we möhüm orun eýeläp başlady. Bitaraplyk syýasaty ýurduň içerki durnuklylygyny üpjün etmekde daşary ýurt gatnaşyklarynda parahatçylygy we özara hormaty saklamakda möhüm rol oýnaýar.
Türkmenistan özbaşdak we hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýäniň ähli ýurtlary bilen doslukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär. Bu syýasat, Türkmenistanyň halkara ylalaşyklara hormat goýup, içerki we daşarky işlerde durmuklylygy saklamaga mümkinçilik berýär. Türkmen halkynyň asuda we parahatr durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen bu syýasat, ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde, daşary ýurt maýadarlaryny çekmekde we dürli taslamalary amala aşyrmakda oňyn netije berýär.
Bitaraplyk Türkmenistanyň abraýyny dünýäde ýokarlandyran möhüm gymmatlyk bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlyklary güýçlendirmek, ösdürmek üçin uly tagalla edýär. Şeýle hem halkara syýasatynda parahatçylygy we durnuklylygy goldamak, döwletleriň özbaşdaklygyny hem-de territorial bitewiligini hormatlamak Türkmenistanyň ileri ugurlarynyň biri bolup durýar. Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň şöhratly geçmişini we nurana geljegini kepillendirýär. Ata watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokary götermek uly-uly ösüşlere ýetmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny has-da ulydyr. Şol esasdan hem ýylyň-ýylyna Bitaplyk baýramy uly dabara bilen bellenip geçilýär.
Muhlisa BAZARBAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ 1-nji ýyl talyby.