Mikroorganizmler-bular göze görünmeýän kiçijik “mikroplar” ýa-da “bakteriýalar” diýip atlandyrylýan janly organizmler.Olar bir öýjükden ybarat bolup ähli ýerlerde ýaşap bilýärler.Biz bakteriýalar organizm üçin belli bir derejede zyýanly diýip bilýäris.Emma mikrofloranyň bary ýogy 1%-i adam organizmi üçin howply.Galan 99%-i peýdaly hasaplanylýar.Adamyň bedeni haýsy bakteriýalara mätäç?

Bakteriýalaryň sany adam organizminde millionlarça bolup,olar organizmiň ýaşaýyşa bolan ukyplylygyny sazlaýar.Alymlar bedendäki mikroorganizmleri mikrobiotalar diýip atlandyrýarlar.Ýaşaýşyň dowamynda bedenimiziň mikroflorasy üýtgäp durýar.Muňa birnäçe faktorlar täsir edýär: döwürleýin keseller,iýmitiň hili, ýaşaýyş şekili.Bedenimizde bakteriýalaryň iň köp ýaýran ýeri iýmit siňdiriş ýoly, içegeler bolup bu ýerde bakteriýalaryň 80%-i ýaşaýar.Içegelerdäki mikrobiotalar madda çalşygyny,dogry iýmit siňdirişi,immuniteti,bedeniň agramyny sazlaýarlar.Bu mikroorganizmler içegede beýleki kesel dörediji bakteriýalaryň ýaşamagy üçin amatsyz turşy sredany emele getirýärler.

Adam organizmi üçin peýdaly mikroorganizmleriň biri probiotikler.Bulara lakto hem-de streptokok bakteriýalar degişli.Bu mikroorganizmler örän wajyp funksiýalary ýerine ýetirip: iýmitiň siňdirilmegine,K we B witaminleriň emele gelmegine, organizmiň gorag funksiýasynyň ýokarlanmagyna, şekeriň derejesiniň sazlanylmagyna ýardam edýär.

Mikroorganizmler diňe bir adam bedeni üçin peýdaly bolman eýsem belli bir derejede ösümlikler üçin hem peýdalydyr.Rhizobium urugyna degişli bakteriýalar kösükli ösümlikleriň köklerinde ýaşaýarlar.Olar atmosferadaky azody fiksirläp ösümligiň ösmegi üçin biologik azody emele getirýärler.

Aýşat Allaberdiýewa

Türkmen Oba hojalyk institutynyň talyby