Saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmek bilen bagly. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy taýdan sagatlygyny üpjün edýär.

Alymlaryň bellemegine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olar — fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bilýärler.

Sagdyn iýmitlenmegiň hem öz düzgünleri bar. Esasy düzgünleriň biri-de kabul edilýän iýmitiň dürli görnüşli bolmagydyr. Mallardan alynýan önümlere garanyňda, gök-bakja we miweli önümlere has köp üns bermeli. Gök önümler hem dürli-dürli bolmaly. Sebäbi iýmitiň ýeke biri adamyň bedeni üçin gerek bolan ähli maddalar bilen üpjün edip bilmeýär. Mysal üçin, ýeralma bedeni C witamini bilen üpjün edýär, ýöne demir bilen bagly zerurlygy ýerine ýetirip bilmeýär. Onuň tersine, däneli önümler demre baý, ýöne olaryň düzüminde C witamini ýokdur.

Adamlarda çörek bilen ýeralmanyň beýleki iýmit önümlerine garanyňda basym semredýändigi barada düşünje bar. Şeýle hem bolsa, iýmitiň esasy bölegini çörek, makaronly önümler, tüwi we ýeralma tutmaly. Olaryň düzüminde ýag az bolup, ýokumly maddalar köpdür.

Adamlar nädogry iýmitlenen ýagdaýynda ganazlyk keseli ýüze çykyp bilýär. Ol demriň we beýleki ýokumly mikroelementleriň ýetmezçiligi netijesinde döreýär. Nahary duzly iýmeklik dogry hasaplanmaýar. Günüň dowamynda adam başyna ulanylýan duzuň möçberi 1 çaý çemçesinden (6 gram) köp bolmaly däldir.

Dogry iýmitlenmek we ýaramaz endiklerden daşda durmak saglygyň girewidir.

 Hangeldiýewa Ogulnur

 Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň Keselleriň öňüni alyş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby