Jemgyýetiň syýasy gurluşy bu ýerde çözülýän meseleleriň aýratynlygy bilen bagly bolýar. Türkmen jemgyýetinde geçýän özgerişler ilki bilen ony döwrebaplaşdyrmaklyga gönükdirilýär. Döwrebaplaşýan jemgyýetde, onuň syýasy ulgamynyň täze hil derejä çykmaklygy özgerişleriň netijeli bolmagynyň wajyp şertidir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň ykdysady, medeni we beýleki gurşawlaryna syýasy täsiriň kesgitleýji omy bimäçe sebäpler bilen baglydyr. Birinjiden, bir wagtda köp sanly meseleleri çözmekligi göz öňünde tutýan ýurdy döwrebaplaşdyrmaklyk işi özgerişleri sazlaşdyrmak düzgünine hemde reformalamak taglymatyny işläp düzmekligi talap edýär. Ikinjiden, döwrebaplaşmagyň käbir şertleriniň (medeni, hukuk) täzeden döremeli bolýandygynyň öwezini syýasy täsirler (döwlet, milli lider, elita) bilen ýetirmeli bolýar. Üçünjiden, döwrebaplaşýan jemgyýetiň häsiýetli tarapy özgermeklik, täzelenmeklik bilen baglydyr. Özgerýän jemgyýetde durmuşy üýtgemeleriň tizligi, sosial edaralaryň hereketliligi ýokarydyr. Bu ýagdaý toparlaryň, birleşmeleriň, gatlaklaryň, adamlaryň özara täsirini işewürleşdirýär. Şeýle şertlerde döwrebaplaşmaklygyň bütin döwamynda sosial ulgamy dinamiki deňagramlylykda saklamaklyk gerek bolýar. Bu ýagdaýy gazanmaklyk we sosial ulgamy deňagramlylykda saklamaklyk syýasatyň sazlaşdyryjy hem gözükdiriji häsiýeti esasynda mümkindir. Häzirki türkmen jemgyýetinde syýasatyň şeýle täsirini anyklamaklyk üçin “syýasy proses” diýen düşünjäniň üstünde durup geçeliň. Soňky döwre çenli biziň jemgyýeti öwreniş ylymlarymyzda bu düşünjä iki manyda garalýar. Birinjiden, ol “syýasat” düşünjesi bilen bir manyda aňladylyp, jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki gurşawlaryna (meselem, ykdysady ýa-da sosial) garşy goýulýar. Şonda syýasy gurşawyň özboluşlylygy hakyky maksatlara eýerýän häkimiýet düzüminiň işi bilen baglanylýar. Yöne

“Syýasy proses” we “syýasat” düşünjeleri bir meňzeş ulanmaklyk birinjiniň manysyny açmaklyga esas bolup bilmeýär. Şu ýerde bar bolan kemçiligi aradan aýyrmaklyga “syýasy proses” diýen düşünjä berilýän ikinji many esas döretmelidir. Bu many syýasy durmuşda bolup geçýän hereketliligi, ondaky üýtgemeleri aňladýar. Başgaça aýdylanda, bu ýagdaýda “syýasy proses” düşünjesiniň özboluşlylygy syýasatyň hereketli tarapyny, ýagny onuň adaty ýagdaýdan üýtgeýşini şöhlelendirmeklikde bolýar. Emma biziň garaýan düşünjämiz bu takyklanan ýagdaýda hem ýene köp zady anyklamalydyr. Sebäbi syýasat adamlar bilen özara täsirden daşarda syýasat bolup bilmeýär. Ol bu ýerde syýasy edaralaryň, tilsimatlaryň, hukugyň, medeniýetleň we başgalaryň jemi bolup çykyş edýär.

Ogulsona AMANMURADOWA,

 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň,

Weterinar lukmançylygy fakultetiniň, Senagat balykçylygy taýarlyk ugrynyň 3-nji ýyl talyby.