Maliýe gözegçiliginiň görnüşleri subýektleriň, barlaglaryň geçirilýän wagtynyn, barlaglaryň geçirilýän usullarynyň tapawutlylygyna esaslanýar. Şol alamatlardan ugur alyp, maliýe gözegçiligi üç ugry: görnüşleri, formalary we onuň amal edilişiniň usullary boýunça bölünýär. Subýektlere girýän kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň işine gözegçilik amala aşyrylýar. Wedomstwolar tarapyndan geçiriliýän maliýe gözegçiliginiň esasy wezipeleri şu aşakdakylar: borçnama tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyrmak, maddy we maliýe serişdeleriň tygşytly ulanylyşyna gözegçilik etmek – salgytlaryň dogry tölenişine, hasapçylyk hasabynyň dogry guralyşyna gözegçilik, ösdürip, artdyryp ýazmagyň öňüni almak we başgalar.

Wedomstwolaryň gözegçiliginiň çäginde içki hojalyk gözegçiligi, başgaça aýdanyňda, anyk kärhanalarda, birleşiklerde, guramalarda we edaralarda amala aşyrylýan maliýe gözegçiligi geçirilýär. Bu ýagdaýda gözegçililik wezipeleri her günki maliýe hojalyk işi bilen baglydyr, bu ýerde maliýe gözegçiligi önümçiligiň zerur bolan şertidir. Gözegçiligiň bu görnüşi önümçilik gaznalaryň, maliýe serişdeleriniň netijeli ulanylyşyna, önümçiligiň ilkinji düzümleriniň jogapkärçiliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär we ýitgileriň peselmegine, maliýe düzgüniniň bozulmagynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir.

Geçirilyän wagtyna baglylykda maliýe gözegçiligi ilkinji, häzirki we soňraky gözegçilige bölünýar. Gözegçiligiň şonuň ýaly görnüşleri gözegçiligi amala aşyrýan guramalaryň köpüsiniň işine mahsusdyr.

Ilkinji maliýe gözegçiligi pul gaznalary döretmek, paýlamak we ulanmak boýunça amallar amala aşyrylmazyndan öň geçirilýär, býujet hem maliýe düzgüniniň bozulmagynyň öňüni almak üçin onuň ähmiýeti öran uludyr. Ilkinji maliýe barlagy geçirilende maliýe işini amala aşyrmak üçin esas bolup hyzmat edýän resminamalar, býujetleriň taslamalary, maliýe meýilnamalary we smetalar, karz we kassa sargytlary, tassyklanylmagyna we ýerine ýetirilmegine taýýar bolanda barlanylýar.

Häzirki maliýe gözegçiligi bu pul amallaryna, döwletiň öňünde maliýe borçnamalary ýerine yetirilinde, ýolbaşçylyk-hojalyk çykdajylary üçin pul serişdeleri alnanda we ulanylanda, düýpli gurluşyk maliýeleşdirilende we ş.m. amala aşyrylanda geçirilyän barlaglardyr.

 Döwran ÖWEZOW

 Türkmen oba hojalyk institutynyň

Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary 2-nji ýyl talyby