Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan bu şöhratly sene, mälim bolşy ýaly, öz gözbaşyny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan alyp gaýdýar. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji mejlisinde BMG-niň şol wagt düzümine giren 185 agza döwletleriniň biragyzdan ses bermeginde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyz dünýä tejribesinde ilkinji gezek bitarap döwlet diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň uzak geljegi nazarlap, öňe süren oňyn bitaraplyk ýörelgesi iki sany hakyky ýagdaýy – geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutýar.

SSSR-iň dargamagy we täze özbaşdak döwletleriň emele gelmegi sebitde güýçleriň täze geosyýasy mynasybetini döredip, döwletleriň täze uly geosyýasy düzümini emele getirdi. Türkmenistan onuň merkezine düşdi. Beýleki tarapdan, amatly geografik ýagdaýa eýe bolmak bilen, Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň strategik ýollarynyň çatrygyna düşüp, bu iki yklymyň arasyndaky özboluşly köprä öwrüldi. Bu seýrek duş gelýän geografik ýagdaýyň ýurduň ägirt uly mineral-çig mal gory bilen utgaşmagy türkmen bitaraplygynyň nusgasyny dünýä bileleşiginiň öňünde aýratyn ähmiýetli we özüne çekiji edýär.

Türkmen bitaraplygy daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda siwilizasiýalaşan, birek-birege peýdalylyk esasynda bu tebigy baýlygy çalt we netijeli özleşdirmäge gönükdirilendir. Türkmen bitaraplygynyň nusgasy özgeren dünýäniň täze hakykatyny, häzirki zaman geosyýasatyny oňat bilmekligi özünde jemleýär we halkymyzyň milli häsiýetine, asyrlar boýy dowam edip gelýän däp-dessurlaryna daýanýar.

  Käbe GÜJIKOWA

  Köneürgenç etrabyndaky 4-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy