Pähimiň we çeperçiligiň elýetmez nusgasy hasaplanylýan, halkyň köňül töründen joşup çykyp, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, biziň günlerimize gelip ýeten türkmen nusgawy edebiýatynyň taryhy gatlarynda bitaraplyk we parahatçylyk taglymaty özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Türkmen halky asyl gelip çykyşy boýunça asudalygy, parahatçylygy söýýän halkdyr. Bilşimiz ýaly, eždat-pederlerimiz her hili dawa-jenjelleri parahatçylykly ýol bilen çözmegi başarypdyrlar. Muny biz Gorkut dädemiziň ulus-iliň töwellaçysy, maslahatçysy, nesihatçysy hökmünde tanalýandygyndan hem bilýäris. Ýa-da şöhratly taryhymyza nazar aýlanymyzda, Hywa hany Mädeminiň, Güljemal hanyň, Nurberdi hanyň öz raýatlary bilen agzybir ýaşamaklaryny öňe sürüp, türkmen tire-taýpalarynyň arasynda Ak işan, Akmuhammet işan, Bekdurdy işan, Nurmuhammet işan (Sary işan) ýaly halk tarapyndan hormatlanýan adamlaryň olaryň ýanynda töwellaçy, nesihatçy bolandygyna hem taryhy maglumatlaryň üsti bilen giňden göz ýetirýäris.

Heňňamlar içinde dürli ýerlerde mesgen tutandygyna seretmezden, türkmen halkyny öz döwrüniň şahyrlary we bagşylary jebisleşdiripdir diýsek, ýalňyşmasak gerek. Çünki şahyrlar nesihatçy hökmünde halk tarapyndan söýlüp diňlenilipdir, olara ruhy goldaw beripdirler. Halkyň köňül islegi, durmuş ýagdaýy olaryň eserlerinde öz beýanyny tapypdyr. Halkyň söýüp okan şahyrlarynyň biri-de Magtymguly Pyragydyr. Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan eserleriniň, onuň dünýä genji-hazynasyna mynasyp goşandyny goşan çuňňur pelsepewi pikirleriniň gymmaty örän uludyr. Şahyryň eserlerinde bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgesini düzýän birnäçe ynsanperwer gatnaşyklar we häsiýetler örän inçelik bilen berlipdir. Akyldar şahyrymyz özüniň “Don tapylmasa” goşgusynda: “Magtymguly söýmez jedeli, jeňi” diýýän bolsa, “Gidiji bolma” goşgusynda: “Mert oguldyr, ile ýaýar desterhan” diýmek bilen, myhmanparazlygy mertligiň alamaty diýip düşündirýär. Eli açyklyk, goňşy bilen agzybir, asuda ýaşamak şahyryň öwüt-nesihatlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr özüniň “Ýoldaş bolan” goşgusynda: “Bir ýaman söz ýürek bular, Ýagşyny älem arzuwlar…” diýip, hemişe adamlaryň süýji dilli bolmagyny isläpdir. Elbetde, uruş-sögüş, dawa-jenjel hem ilki sözüň azaşmagyndan, oňuşmazlykdan, netijede, gaharyňy saklap bilmezlikden başlanýar. Şahyr şonuň üçin hemişe birek-birege ýagşy söz aýtmagy maslahat beripdir. Pyragy özüniň “Söhbet ýagşydyr” atly goşgusynda:

“Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa,

Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr!”

diýip, hemişe adamlaryň niýetleriniň, pälleriniň ýagşy bolmagyny ündew edipdir.

“Yşk mülküniň şasy” ady bilen edebiýatda mynasyp ornuny alan şahyr Mollanepes:

“Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,

Birisine gep berip, ol birine al berme”

diýmek bilen, beýle häsiýetiň iň bir halanylmaýan, häsiýetdigini açyp görkezýär. Dawa-jenjeli çözmekde hem adalatly bolmagy maslahat beripdir. Türkmen halkynyň myhmanparazlyk, dostanalyk, şükranalyk, agzybirlik ýaly dünýäniň köp milletlerini geň galdyrýan yssy gatnaşyklaryň gönezligi hasaplanylýan häsiýetleri bu gün ylmyň-tehnikanyň ösen döwründe bitaraplyk taglymatyna öwrüldi.

Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly sebit we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny doly berjaý edýän döwlet hökmünde uly abraýa eýe. Nusgawy şahyrlarymyzyň, ata-babalarymyzyň arzuw eden baky berkarar ýurdunda halkymyz agzybir, asuda we parahat durmuşda ýaşaýar. Döwletimiz hemişelik bitaraplyk, parahat söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, halkara derejesinde uly abraýa eýe boldy. Ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyz ykdysady taýdan ösüşlere eýe bolup öňe sary bedew batly barýar. Dünýä ýurtlary we häzirki döwrüň alymlary eziz Diýarymyzyň Birleşen MIlletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan yglan edilen hem-de durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasatynyň dünýä ýurtlarynyň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigini we sebit hem-de ählumumy derejede halkara parahatçylygyny hem-de howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigini aýratyn belläp geçýärler.

Şu pursatda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza eziz diýarymyzy ösdürmekde alyp barýan ähli umumadamzat bähbitli işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýärin. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Sülgün SAPARBAÝEWA,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň surat mugallymy