Halkara Zenanlar gününi her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910-njy ýylda aýallaryň Kopengagende geçen 2-nji Halkara Konferensiýasynda Klara Setkiniň teklibi boýunça kabul edilýär. Ol ilkinji gezek 1911-nji ýylda Germaniýada, Awstraliýada, Şweýsariýada we Daniýada, 1913-nji ýylda Russiýada geçirilýär.

8-nji mart baýramçylyk däbi Awstriýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň we başga-da birnäçe ýurtlaryň aýallarynyň hut şol güni baýramçylyk hökmünde belläp geçmeklerinden soň pugtalanýar.

Ýurdumyzda önümçiligiň ähli pudaklarynda öndürijilikli zähmet çekýän gelin-gyzlar Watanymyzyň gülläp ösmegine, onuň medeniýetde, ylymda, oba-hojalygynda, ykdysadyýetde kuwwatlylygyň has ýokary derejelere göterilip, dünýä giňişliklerine ýaýramagynda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle-de, ajaýyp öý bikeleri, mähriban eneler we ejeler bolan zenanlaryň durmuşda tutýan orunlary has uly bolmak bilen ene-mamalardan miras galan milliligimizi, däp- dessurlarymyzy nesillerden-nesillere geçirmekde hem olaryň bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bar.

Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Gyz-gelinleriň haýalylygy, sabyr-takatlylygy, edasy iliň genji- hazynasydyr diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Gelin-gyz gözelligi diýlen düşünjede-de ruhy gözelligi-de, keşbiň, egin-eşigiň, edebiň, gylyk- häsiýetiň gözelligini-de öz içine alýar. Sözüň hakyky manysynda gözel bolmak üçin diňe keşbiň gözelligi ýeterlik bolman, eýsem, tutuş ynsanlyk durkuň gözel bolmagy gerekdir. Muny bolsa, dürli döwürlerde türkmen topragyna syýahat eden alymlaryň, etnograflaryňtürkmen gelin-gyzlarynyň ýüz keşpleriniň tebigy owadanlygynda, geýinmek medeniýetiniň has hem millilikdiginde gürrüň bermeklerinde aýdyňlygy bilen görmek bolýar.

  Nurjemal SAHADOWA

  Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi