Haryt bazar sredasynda (gurşawynda, şertlerinde, ýagdaýynda). Telekeçilik işi netijeli hasaplanýar, haçan – da kärhananyň öndüren önümi barada isleg tapýan bolsa, oňa isleg bar bolsa. Haryt zähmetiň önümi bolup, ol peýdaly zatdyr ýa – da janly zähmetiň peýdaly netijesidir. Onuň gymmady, satyn alynmagy we ulanylmagy sarp edijilere anyk kanagatlanma döretmelidir.
Pikir boýunça haryt (harydyň ýadrosy) – bu harydyň niýetlenen esasy häsiýetnamasydyr, bu alyjynyň hakykatda alýan hyzmaty ýa – da sarp edijiniň şu haryt bilen çözýän meselesydyr.
Real (hakykatda) ýerine ýetirilen haryt – bu satuwa hödürlenýän harydyň belli bir alamatlarynyň jemidir, ýagny daşary bezegi, hiliň derejesi, marka, ady we gaplanan.
Hyzmatlar bilen üpjün edilen haryt – bu real harytdyr, özem hyzmatlar bilen üpjün edilen, ýagny kepillendirilen, serwis (hyzmat etmek), montaž, karzlaşdyrma, ýerine ýetirmek.
Şeýlelikde, haryt özünde fiziki, tehniki häsiýetleri we şeýle – de satyn alyjy üçin bazar häsiýetnamalarynyň goşmaça bähbitlerini jemleýän bolsa, onda ol sarp ediji üçin gymmatly bolýar.
Ahyrky ulanyp bolmak goraýyş nokadyndan harytlary iki topara bölmek kabul edilendir: islegi ödäp bilýän harytlar we önümçilik maksatly harytlar.
Sarp ediş harytlary) islegi ödäp bilýän harytlar – bu şahsy, maşgala sarp edişine alýan harytlar.
Önümçilik maksatly (niýetli) harytlar şahsy şahslar, guramalar tarapyndan soňraky, geljekde işläp bejermek ýa – da gaýtadan satmak üçin alynýan harytlar. Harydyň möhüm bazar häsiýetnamasy bolup, onuň bäsdeşlige ukyplylygy bolýar, ýagny harydyň bazarda talap edilmek mümkinçiliginiň bolmagy.
Harydyň bäsdeşlige ukyplylygy onuň hil, ykdysady we marketing häsiýetnamalarynyň jemi bilen kesgitlenýär.
Bäsdeşlige ukyplylyk hil görkezijileri – bu harydyň anyk talaplaryny kanagatlandyrmak taýýarlygyny häsiýetlendirýär. Ykdysady görkezijiler harydyň sarp ediş nyrhyny hasaba almalydyr, ýagny harydyň satyn alyş we ony ulanmaga çykdajylary.
Marketing görkezijileri harydyň daş-töweregini häsiýetlendirýär, ol bolsa harydy sarp edijä özüne çekijiligi üpjün edýär.
Şeýlelikde, harydyň bäsdeşlik ukyplylygy –bu otnositel görkezijidir, şu harydyň bäsdeş harytdan tapawutlylyk häsiýetini görkezýär, ýagny anyk jemgyýetçilik talaplaryna, şeýle – de, ony öndürmek ulanmak we marketing üpjünçiligi bilen bagly çykdajylaryň gabat geliş derejesini görkezýär.
Bibimerýem NARLYÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby