Gündelik kabul edýän esasy naharlarymyzyň aralygynda birazajyk hoz iýmeklik iýmit ulgamynyň işini kynlaşdyrýan dürli sökellikleriň emele gelmeginiň öňüni alýar we organizmi möhüm hem peýdaly maddalar bilen üpjün edýär. Şänikli hem-de beýleki görnüşli ösümlikleriň maňyzlaryny yzygiderli iýmeklik keselleriň öňüni almakda we bejermekde, ýadawlykdan açylmakda, ruhy taýdan argynsyzlygy aradan aýyrmakda, uky ýetmezçiliginde, ýatkeşligi ýokarlandyrmakda maslahat berilýär.
Hozuň maňzy adam saglygy üçin örän möhüm makro hem-de mikroelementleri özünde saklamak bilen olar süňklerdäki ýilikleriň sagdyn bolmagyny üpjün edýärler. Esasy mikroelementleriň biri bolan bor beden dokumalarynyň işini kadalaşdyrýar we bogunlarymyzy agyry hem-de halsyzlykdan halas edýär, süňklerimizi berkleşdirýär. Hozuň maňzynyň düzüminde gandaky gemoglobiniň mukdaryny artdyrýan ýene bir mikroelementleriň biri mis maddasy bar. Bu madda bedenimizi kadaly ýagdaýda kislorod bilen üpjün etmekde örän uly ähmiýete eýedir.
Beýleki maňyzlaryň hem ynsan saglygyna peýdasy sanardan köp. Olaryň düzümindäki mineral duzlar (kaliý, kalsiý) we madda çalşygyny sazlaşdyrýan elemenler immun ulgamynyň işini gowulandyrýar. Maňyz önümlerinde saklanýan kleçatkanyň içegeleriň işini, iýmitleriň özleşdirilişini gowulandyrmakda hem ähmiýeti uly hasaplanýar. Ondan hem esasysy maňyzlarda gan damarlary üçin zyýanly hasaplanýan doýan ýaglar ýok. Gaýtam olarda beden üçin peýdaly ýarym doýan ýaglar köpdür. Alymlar tarapyndan günüň dowamynda 5 sany maňyz bölejigini iýýän adamlaryň ganynda 12%-e çenli holesteriniň az bolýandygy anyklanyldy. Bulardan başgada maňyzlarda beýniniň işleýşini çaltlaşdyrýan lesitin maddasy bar. Funduk maddasy bolsa immuniteti ýokarlandyrýar. Maňyz önümleri adamy ýaşartmak ukybyna-da eýe bolup, onkologik keselleriň hem öňüni alýar. Ýerhozy bolsa ünsüňi bir ýere jemlemäge kömek edýär. Olardaky magniý, E witamini, ýod ýaly maddalar bolsa ruhubelentligi üpjün edýär, galkan görnüşli mäzleriň näsaz işini dogrulaýar. Badamyň maňzy görüş ukybyny gowulandyrýar. Dişleriň etleriniň sowuklamasynda hozuň ýapragyndan taýýarlanan gaýnadylan içgi bilen agyz çaýkalanda olaryň keselden saplanmagyna kömek edýär. Garaz maňyzlary günüň dowamynda iýip durmaklyk biziň üçin peýdanyň öýjügi. Şonuň üçin bazara gideniňizde sanawnamanyň başyny maňyzdan başlaň!
Rahima MURADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniñ Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby