Bu gün ýurdumyzyň sungaty ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynda “Heýkeltaraşlyk” we “Amaly-haşam sungaty” kafedralarynyň
zehinli talyplarynyň diplom goragy geçirilýär. Bu dabara okuwyny tamamlaýan
her bir talybyň durmuşynda we döredijilik ýolunda kesgitleýji ähmiýete eýedir.
Çünki bu günki görkezilýän eserler ýaş döredijileriň alan bilimleriniň kämillik
ýolundaky ilkinji ädimleri diýip aýtmak bolar. Türkmenistanyň halk suratkeşi
Saragt Babaýewiň, heýkeltaraşlar Polat Mämiýewiň, Şirmyrat Hojagulyýewiň,
Maksat Hojainowyň ýolbaşçylygynda işlän talyplar öz eserlerini halypa
mugallymlaryň berýän görkezmeleri boýunça ýerine ýetirdiler we döredijilik
tejribelerini baýlaşdyrdylar. Uçurymlaryň diplom işlerinde her bir talybyň şahsy
dünýägaraýşyny açyp görkezýän dürli temalar şöhlelenýär. Olaryň arasynda Ahat
Malikowyň hem-de Patdyk Patdykowyň bilelikde döreden “Sungat ussatlary” atly
eseri bu ýere gelenleriň ünsüni has hem özüne çekdi. Eserde türkmen saz hem söz
sungatynyň ägirtleri hasaplanýan Nury Halmammedowyň we Gurbannazar
Ezizowyň keşpleri şekillendirilýär. Serdar Agaýewiň “Tüýdükçi” atly eserinde
hem gyrgy tüýdükde saz çalýan sazandanyň keşbi açylyp görkezilýär. Bu heýkel
eserlerinde janlandyrylýan keşplerde adamyň içki dünýäsi ussatlyk bilen açylyp
görkezilýär, olaryň medeniýetimize peşgeş beren çeper mirasyny ýadyňa salýar.
Meýlis Myradowyň tebigat bilen adamzadyň sazlaşygyny wasp edýän “Goja seýis”
eseri çeýe hem utgaşykly ýerine ýetirilipdir. Onda taýçanagy sypalap duran ýaşuly
seýisiň danalygy we parasatlylygy suratlandyrylýar. Nurgeldi Saparnyýazowyň
asyrlar boýy türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynda aýrylmaz orny eýeleýän
türkmen alabaýynyň we çopan oglanjygyň keşbini şekillendirýän “Wepaly dost”
atly heýkel eserinde milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýynyň we oglanjygyň
wepaly dostlugy alamatlandyrylýar. Halkymyzyň ýakyn ýan-ýoldaşy hasaplanýan
alabaýa bolan hormat-sylagyny alamatlandyrýan bu eser türkmen halkynyň
gadymdan gelýän ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine bolan gyzyklanmany has hem
artdyryp, wepalylyk, ygrarlylyk we ýokary ahlak duýgularyny döredýär. Öz

“Awçy” atly eserinde Suraý Kerkiýewa türkmen halkynyň irki döwürlerden bäri
meşgullanyp gelýän awçylyk temasyna ýüzlenýär. Elinde laçyn guşyny saklap
oturan gojanyň daşky keşbinde, ýüz alamatlarynda onuň awçylyk işinde ussat
mergenligi ýüze çykarylýar. Ahmet Gurbangeldiýewiň parahatçylygy, asudalygy
wasp edip döreden heýkel eseri hem döwrebap temasy, ýasalyş usullary we
gyzykly taslama gurluşy bilen uly täsir galdyrdy. Oglanjygyň keşbinde aýratyn
mylaýymlyk, hoşniýetlilik alamatlary duýulýar. Onuň elinde saklap duran
kepderisi bolsa, parahatçylygyň nyşany hökmünde asuda diýarymyzyň özboluşly
waspçysy hökmünde öňe çykýar. Bu eserleriň ählisi heýkeltaraşlyk sungatyna
degişli bolup, irginsiz zähmet çeken ýaş heýkeltaraşlaryň zähmet miweleridir.

Gülnara Kurbanmuhammedowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby