Çaklama görä, maldarçylygyň ösmegi bilen sürini goramak üçin gadymy dog görnüşli itleriň amatly görnüşini ösdürip ýetişdiripdiler.
Alabaýyň gelip çykyşynyň gadymylygyny tassyklaýan has güýçli maglumatlaryň biri hem 2003-nji ýylda Ajyguýy medeni oturymynda (Marguş) tapylan iki sany iri tohum itiň ystyhanydyr (T-32 we T-80 mazarlary). Polşadaky radiokarbon barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň esasynda, mazarlaryň b.e. öň 2400 – b.e. öň 2200-nji ýyllar bilen senelenýändigi kesgitlenildi.
Türkmen alabaý tohumynyň tassyklanan ölçegine laýyklykda, alabaýyň penjesinden gerşine çenli beýikligi 60 sm-dir.
Arassa tohumdan bolan alabaýlaryň nesil berijiligi 2-3 güjük bolup, olar doglanda iriligi bilen tapawutlanmalydyr. Täze doglan güjükler hökman enesiniň owuz süýdünden doýmaly, ýogsa olar dürli kesellere durnuksyz, yssa çydamsyz bolýarlar.
Alabaýyň saýlanyp alnyşy: Ata-babalarymyz güjügi heniz süýtden aýrylmanka, öz enesine saýladar ekenler. Ýagny, şol güjükleriň ilkinji doglan it ýatagyny berbat edip, olary maşgalasy bilen göçmäge mejbur edipdirler. Şol wagt ene it haýsy güjügini täze mekan tutan ýerine ilkinji alyp gitse, ana, şony hem özlerine köpek edinipdirler. Sebäbi enesi ilki bilen güjükleriň iň dogumlysyny, gaýratlysyny saýlap äkidýär. Alabaý iti saýlap seçmekde şu usuldan giňden peýdalanypdyrlar.
Güjük durmuşynyň döwürlere bölünişi we olara seredilişi:
• I döwür güjük dünýä inip 35 gün geçýänçä. Bu döwürde güjük ejiz we çäresizdir. Iýmiti esasan süýtdir. Doglandan 20-22 gün geçenden soň güjügiň gözleri açylyp, ses seljerip başlaýar.
• II döwür 35-60 günüň aralygy. Bu döwürde iýmiti süýdüň daşyndan gatyk, ýumşagrak çig et bolýar. Şeýle hem diş çykyp başlaýar. Güjügiň kentlewügi gijänsoň, ýumşak zada agyz salyp gijelewügini köşeşdirýär. Şol wagt güjügiň öňüne süňk oklanýar. Bu döwürde güjügiň öz adyny bilmegini öwretmeli. Öwgüli sözler aýtmaly, delje lokma berip, ony begendirmeli.
• III döwür 2 aýlykdan 6 aýlyga çenli bolan döwür. Bu döwürde itde goranmak, hüjüm etmek, üýrmek, hyňranmak ýaly häsiýetler kämilleşýär.
• IV döwür 6 aýlykdan 12 aýlyga çenli bolan döwür. Bu döwürde uly ite mahsus häsiýetler döreýär.
• V döwür 1 ýaşdan 2 ýaşa çenli bolan döwür. Bu döwürde hakyky it bolup ýetişýär. Oňa tälim berilýär. Eger alabaýdan aw üçin ýaramly it etmek islenilse, ilkinji 2 ýyly alabaýda taza mahsus häsiýetleri oýarmak üçin iň möhüm (amatly) döwürdir.
Itiň gulagy-guýrugynyň kesilmegi: Güjük doglandan soň 1-2 gün geçirip gulagy-guýrugy kesilýär. Sebäbi:
• Duşman bilen urşanda päsgel bermezligi üçin.
• Eşidişi ýokarlanýar.
• Duýgurlygy, syzgyrlygy artýar.
• Guýrugy kesilmedik it mydama ýalta bolýar. Sebäbi burnunyň üstüni öz guýrugy bilen ýapyp ýyladýar. Burny üşemese itiň hiç bir zat bilen işi bolmaýar, diňe ýatyp geçirýär. Netijede ejiz, duşmana gaýtawul berip bilmeýän it bolýar.
Seredilişi, iýmitlendirilişi: Ys alyş agzasynyň işini güýçlendirmek üçin itleri agşam garaňky gatlyşanda, irden bolsa aladaňdan ýallamak maslahat berilýär. Şol wagtlarda iýmitlendirilen ýagdaýynda itler garaňky jaýda golaýynda goýlan iýmiti görmezden, diňe ysyndan tanamaga mejbur bolýar. Şeýlelikde ys alyşy güýçlenýär
Nurana ORAZGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 222-nji toparyň talyby