Bir dostumyñ başyndan geçiren, bir-biri bilen örtüşýän wakalaryny siz okyjylara ýetirmegi maksat edindik.
Dostum talyplyk ýyllaryny daşary ýurtda geçiripdi. Dostumyñ öýündäkiler: “Birden, talypka ýat illerde durmuş gurman, öz ata watanynda durmuş gurup, öýli-işikli bolsun” diýip, öz söýen gyzyna söz aýtdylar. Şeýdibem guda bolup oturyberdiler.
Oglan daşary ýurtda talyp bolsa, gyz hem Aşgabadyñ ýokary okuw jaýlarynyň birinde talypdy. Bir-biri bilen hepdede bir gezek habarlaşýan bolsalar, soňabaka her gün diýen ýaly bir-birinden habar tutýardylar. Edil şolar ýaly talyp gyzyň jorasyna hem başga bir maşgala gudaçylyga barypdyr. Şol jora gyzyň barmaly oglany bir gün sms arkaly bir goşgy ugradýar. Ol gyzam begenjinden goşgyny öz jorasyna-da ugradýar.
Ýaňky goşgy birden daşary ýurtda okap ýören talyp ýigide hem sms arkaly gelýär. Goşgynyň ady “Ýagýar ýagyş” diýlip goýulan. Talyp ýigit goşgyny okan dessine goşgyny halaýar, göwni al-asmana göterilýär. Elbetde, öz söýen gyzyna hasam guwanyp, söýgüsi ýene bir gez beýgelýär. Goşgynam şol öz söýen gyzy goşandyr diýip ýörýär. Talyp ýigit gyşky dynç alyş möwsümleriniň birinde öz ýurduna gezmäge gelýär. Bir gün öýlerinde telewizora tomaşa edip durka, bir türkmen kinofilmine gabat gelýär. Şol kinofilmde bolsa aradaky okan goşgusyna aýdym edilip aýdylan eken. Talyp ýigit: “Bul-a mundan gelip çykdow!” diýip, öz içini hümledýär. Bu ýigit goşgusyndan beter aýdymyny halap başlasa, nätjek! “Belki müň gezek diňländirin, hiç haçan hem doýup bilemok” diýip, birnäçe gezek bize gürrüň beren wagtlaram boldy.
Bu goşgyny ilkinji gezek aýdym edip aýdan Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýewdir. Bu aýdymyň döreýşini bolsa bize bagşynyň sazandalaryndan Ýazmyrat aga gürrüň beripdi. Olam şeýleräk: “Bir gün Annuş (halk arasynda bagşynyň ady) biz sazandalary ýanyna çagyrdy. Öňümize bir goşgy goýdy. Bu goşgynyň hem Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp düşüriljek kinofilmiň aýdymyna öwrülmelidigini aýtdy. Bizem gyssagara, gaty ünsem bermedik sazy ýazylanynda. Kinofilm halka ýetirildi. Toýlara barsak, diňe şu aýdymy birnäçe gezek aýtmagymyzy (zakaz) haýyş etdiler. Seredip görsek bu aýdym döwrüň iň gowy aýdymyna (hit) öwrülmezmi?!”
Talyp ýigidimiz okuwyny tamamlady, durmuş toýuny tutdy, öz ugrundan işlemäge başlady. Günlerden bir gün şahyr Kakamyrat Rejepow bilen tanyşypdyr. Şol wagtlar şahyryň “Bagtyň suraty” atly goşgular ýygyndysy çap edildi. Şahyryň öz galamy bilen gutlag sözleri ýazylan kitabyny okap görse, döwrümiziň aýdym-saz sungatynda owazasy ýetirilen birnäçe aýdymyň goşgularynyň eýesi hem Kakamyrat Rejepowdygyna haýran galypdyr. Goşgynyň taryhyny şahyryň özünden sorap görse, goşgyny heniz 19 ýaşyndaka, 2005-nji ýylda ýazandygyny, 2009-njy ýylda bolsa aýdyma öwrülendigini öwrenipdir. Kitap bolsa 2019-njy çapdan çykypdyr, elbetde şahyr çalaja üýtgetmeler girizipdir, ýöne toý-mejlislerde, edebi söhbetdeşliklerde goşgyny okap bereninde bolsa ilkinji nusgasyny okap berýändigini öwrenipdir. Ýene bellemeli zat bu aýdymyň ady kitapda “Ýagyşly gün” diýlip berlendir.
Dostumyz: “Häzir-häzir hem şu aýdymy diňlesek, göwnümiz şol ýigitlik günlerimize dolanyp gelýär, är-aýal bolup çagalarymyza guwanyp, depämiz al-asmana direýär” diýip gürrüň berýär.
Biz hem mundan beýläk şahyr(lary)myzyň galam(lar)ynyň ujunyň ýitelmegini diläp, aýdymçy(lary)myzyň täzeden-täze aýdymlary bize ýetirmeklerini arzuw edýäris! Aýdyma öwrülen goşgynyň belli bir bölegi eşeýleräkdir:
– Ýagyşly gün gaýdyp gelýän okuwdan,
Garşy aldy ýene tanyş duralga,
Gözüm düşdi şonda içiň hümledip,
Bir çetdejik ýagşa ezlip duranňa.
Synlap dursuň yşga düşen asmanyn,
Joşlaryna sygman aglaýanyny,
Men bolsa ýuwaşja çete süýşdüm-de
Tutdum seň üstüňe saýawanymy.
Ýagýar ýagyş,
göýä bizi duşurmak üçin,
Ýagýar ýagyş,
göýä meni saňa duşurmak üçin.
Baýew Hudaýberdi