Sungat bu adamyň dünýäni çeperçilik taýdan özleşdirmeklige gönükdirilen ruhy amaly işiň çägidir. Bu işiň netijesinde sungat eserleri döreýär. Ynsan kalbyndan syzylýan bu sungatyň syrly güýjünden inçelik bilen sünnälenip döredilen eserler, özüni içgin synlatsa, bu eserlerden diňe bir lezzet alman, jadyly bir dünýä düşene dönýärsiň. Elbetde sungat giden bir umman, medeniýet bolsa ynsan ruhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sungatyň ugurlarynyň köpdürli bolşy ýaly, olarda ýörelgedir däp-dessurlar hem köptaraplaýyn bolýar. Sungatyň islendik görnüşine köňül beren adamyň öz edýän işine döredijilikli çemeleşmegini tebigylyk saýýarlar. Görýän hem duýýan zatlaryny reňkleriň dilinde beýan edýän suratkeşleriň häsiýetini onuň ulanýan reňkleri açýar. Aslynda şekillendiriş sungaty “sözsüz sungat” diýlip atlandyrylýar. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Watanymyzyň şekillendiriş sungatynyň wekilleri hem birnäçe ýyllaryň dowamynda öz halkynyň ýaşaýyş durmuşyny görkezýän eserleri döredip, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilere gatnaşyp öz başarnyklaryny görkezdiler. Öz döreden eserlerinden düzülen şahsy sergileri bilen çykyş etdiler. Ynha şeýle sergileriň biri hem Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň sergiler zalynda halypa suratkeşlerimiz Annadurdy Almämmedowyň, Allamyrat Muhammedowyň, Hojamuhammet Çüriýewiň hem-de Azat Myradowyň döredijilik sergisi açyldy. Sergide halypa mugallymlarymyzyň dürli žanrlarda ýerine ýetiren işleri görkezilipdir. Annadurdy Almämmedow türkmen tebigatynyň gözelliklerini wasp edýän halypa suratkeş hökmünde tanalýar. Munuň şeýeledigine sergide ýerleşdirilen işler şaýatlyk edýär. A.Almämmedow döredýän işleriniň aglaba böleginde türkmen tebigatynyň, beýik daglarymyzyň gözelligini wasp edýär. Şol sanda nakgaş natýurmort žanryna-da uly üns berýär. A.Almämmedowyň natýurmortlary haşam häsiýete eýe bolup, hakyky durmuşyň gözelligini we baýlygyny wasp edýärler. Bu žanrda suratkeş özüniň inçe duýgularyny we ynamyny, onuň ýumşak tebigy ýazyş usulynyň inçe taraplary has takyk öňe çykýar. Sebäbi diňe bir şekillendirjek obýektleriň saýlanylyşy däl-de, ilki bilen, olara bolan suratkeşiň garaýşy, bu ýa-da başga bir natýurmortyň häsiýetini kesgitleýär. Halypanyň natýurmortlarynyň esasy pikirleri haýsy hem bolsa bir zatda jemlenmän, durmuşa bolan söýgüsini aňladýar. Hemişe adamyň, onda-da zat eýesiniň däl-de, dörediji adamyň barlygynyň duýulmagydyr. Onuň sergide “Gerkez deresi”, “Aý daglary”, “Iris”, “Ussahanadaky siren”, “Natýurmort” “Siren”, “Gülälekler, “Siren gülleri” ýaly işlerinde milli, folklor we döwrelaýyk häsiýetlerini özünde jemläp, açyk, ýagty reňkleri, gün ýagtylygynyň şöhlesi bilen tomaşaçylary özüne çekýär.

Taryhy eserler Allamyrat Muhammedowyň doredijiliginiň uly ähmiýete eýedir. A.Muhammedowyň soňky ýyllarda döreden nakgaşçylyk işleriniň içinde taryhy şahsyýetleriň, serkerdeleriň we hökümdarlaryň portretleri, türkmeniň gahrymançylykly geçmişine bagyşlanan taryhy eserler agdyklyk edip başlaýar. Suratkeşiň golundan çykan portret eserleri taryhy şahsyýetleriň, döwlet işgärleriniň, şahyrlaryň, akyldarlaryň taryhy suratlary – dürli döwürlerde ýaşan anyk şahsyýetleriniň ýüz-keşbinden, häsiýet aýratynlygyndan toplanan döredijilik keşpleridir. Öz gahrymanlarynyň özboluşly durkuny döretmek işine ezberlik bilen aralaşýan suratkeş her bir portreti nusgawy dessurlara eýermek bilen, janypkeşlik bilen çekýär. Munyň şeýledigine onuň sergide goýlan “Nurberdi han”, “Soltan Sanjar”, “Nejmeddin Kubra”, “Garadäli Gökleň”, “Meşhur saazanda Amanberdi Gönübek”, “Mäne Baba” ýaly nakgaş eserlerinde görmek bolýar. Sergide başga-da “Nowruz”, “Iner söweşi”, “Türkmen toýy”, “Gündogar sonatasy”, “Kişmiriň tansy” ýaly dürli temalara bagyşlanyp döredilen eserleri bar. Hojamuhammet Çüriýewiň eserlerinde bolsa milli däp-dessurlarymyz, halkymyzyň toý-baýramlary, olarda edilýän däpler, toýlarymyzyň bezegi bolan bagşylar, ussat halyçylarymyz, keşdeçiler, umuman aýdanymyzda eserlerde millilik esasy orny eýeleýär. Olardan: “Gyz-gelinleriň el hünäri”, “Säher bilen”, “Halyçylar”, “Keşdeçiler”, “Toý bagşylary” ýaly eserleri baýramçylyk sergisini has-da baýlaşdyrypdyr. Azat Myradowyň hem özboluşly döredijilik ýoly bolup, onuň eserleriniň aglaba bölegini taryhy žanr eýeleýär. Sergide “Oguzhanyň ogullary”, “Nuhyň gämisi”, “Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol”, “Soltanyň ilçileri garşylamagy”, “Göroglynyň döreýşi”, “Zöhre-Tahyr dessany” , “Tahyryň tapylyşy”, “Röwşeniň synagy”, “Akylly çopan” ýaly uly göwrümli nakgaş eserleri sergä gelen myhmanlary hasda özüne çekýär. . Şeýle döredijilik sergileriň açylmagy bize ýaş sungaty öwrenjilere şekillendiriş sungatynyň aýratynlyklaryna göz ýetirmäge giň mümkinçilikleri berýär. Biz hem halypa suratkeşlerimize mundan beýläkde döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

 

 

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň

4-nji ýyl talyby Aýna Abdyweliýewa