Limon sitrus miweleriniň arasynda iň peýdalylarynyň biridir. Ol C, E witaminleriniň, B toparyndan başlap, ýokumly maddalaryň uly möçberiniň çeşmesi hasaplanýar. Şeýle-de onuň düzüminde demir, fosfor, kaliý we natriý saklanylýar. Limonyň adam bedenine peýdasy gaty köpdür.

• Ol adamyň ýokanç kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda gyş günleriniň dowam edýän günlerinde wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmekde limon taýsyz serişdedir.

• Limony we ary baly garyp iýmek üsgülewügiň bire-bir emidir.

• Tiz garramagyň öňüni alýar.

• Limonly çaý bedene goşmaça güýç berýär, ýadawlygy aýyrýar.

• Ajöze içilen limonly suw bedeni arassalaýar, ondan toksinleri we zyýanly maddalary çykarýar. Ýöne bu babatda hökman maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň!

• Ol ýokary gan basyşyny sazlaýar.

• Böwrekde daşyň döremeginiň öňüni alýar.

• Limon şiresi bagryň işini güýçlendirýär.

• Ol agramyň azalmagyna ýardam edýär. Içegäniň işini sazlaýar.

• Limon ösümligi gyjynyp duran aşgazany köşeşdirýär. Onuň şiresi goşulan mylaýym suw sary gaýnamany we ýürek bulanmany aýyrýar.