Dogry düzülen strategiýa sizi kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolaňyzda halas eder. Mysal üçin, iki irlandiýaly garyndaş (baja) Amerika göçýärler. Amerikada bir ýerlerik ýerleşensoňlaram ata-baba dowam edip gelýän kärleri hökmünde şem öndürip başlaýarlar. Işleri bir-bada gowy gidýär we az-kem özlerini tutýarlar. Emma soňa-baka söwda haýallap başlaýar. Bir gün ol garyndaşlaryň biri beýlekisine şeýle diýýär:
– Şem satyşlarymyz haýallaýar, elektriki lampoçkalar ýaýbaňlaşýar. Näme etsekkäk?!
– “Biz ata-baba şu işi edip gelýäs. Başga zat elimizden gelenok”
Şonda soragy soran garyndaş biraz pikirlenýär-de, şeýle jogap berýär:
– “Biz şem işinde däl, himiýa işinde işleýäs. Eger şem haýallaýan bolsa, başga himiki enjamlara ünsümizi güýçlendireris”.
Bu iki garyndaşyň biriniň ady Prokter, beýlekisiň ady bolsa Gambl. Şu gürrüňden soň düýbüni tutan kärhanalarynyň ady “Procter&Gamble”.
Strategiýasyny “şem öndürmek” diýip hasaplan müňlerçe işewürler belki elektrik energiýasynyň ýaýbaňlaşmagy bilen biznes dünýäsinden uzaklaşyp gidendir. Ýöne strategiýasyny dogry şekillendiren işewürler aradan belki 2 asyr geçenem bolsa dowam edip gelýän bir firma döredýärler. Elbetde strategiýalaryny “töweregi ýagtyltmak işi” diýip hem düzüp bilerdiler; beýle bolan bolsa ýagtylandyryş enjamlarynda ussatlaşardylar. Bu ýerde olaryň edip biljek iň erbet strategiýasy “şem öndürmek” şekilindedi we olar ony etmän ýeňdiler.
Öz biznes ýoluňyza üns berip görüň we özüňize şu soragy soraň?! “Meň söwda işim aslynda nämeden ybarat?!”. Biznes dünýäsinde indi wakalar gaty çalt üýtgeýär, tehnologiýanyň ösüş tizligine ýetişip hem bolanok. 30 ýyl mundan ozal bir işewür önümçilikde bir açyş edip täze bir usul oýlap tapýardy we bu açyşyny hiç hili kämilleşdirmän 30 ýyllap şondan çörek iýip bilýärdi. Indi bir açyş edeňde göni 3 aý wagtyň bar; bäsdeşleriň seni göni göçürip yzyňdan ýetýär. Ýa bäsdeşsiz bir pudaga girmeli (indi beýle pudak hem ýok), ýa-da iş depginiňi ýokarlandyryp, hasam tijenmeli. Bäsdeşleriň 3 aýda yzyňdan ýetýänçä ýene bir ädim öňe ylgamaly. Sensorly enjamlaryň oýlap tapylmagy bilen Kodak foto pudakdan ýitdi. Bir-wagtlar dünýä belli tanymal brend indi ýok; mundan 3-4 ýyl öň Amerikada bankrod bolanlygyny mälim etdi. Biznes öwrümlerinden aýlanyp ýetişmedi. AGFA hem foto pudakdan çykan beýleki bir ägirt kärhana. Indi bu brend hem diňe ýatlamalarda ýaşaýar. Ýagny biznes öwrümlerinden aýlanyp bilmän ýoldan çykyp tozana garylyp giden kärhanalaň ýene birem AGFA-dyr. Emma FUJI başga zat etdi. Siziňem bilşiňiz ýaly Fuji hem foto pudagyň esasy oýunçylaryndan biridi. Fuji sensor dünýäsiniň depginine ýetişip bilmejegine göz ýetirdi we biznes öwrümini täsin bir usul bilen öz peýdasyna ulandy; kosmetika pudagyna girdi. Fuji Gen-direktor şeýle diýipdi: “Adamlaryň daşky keşplerine gaty üns berýändiklerini gördük. Geljekde bu pudak gülläp öser diýip pikir edýäris. Biziň işimizem aslynda adamlaryň keşpleri bilen baglanyşykly. Indi Fuji kosmetika pudagyna maýa-goýum eder.”
Strategiýasyna üns berdiňizmi?!
Beýleki iki oýunçydan tapawudy şonda. Meselem Nokia hem telefon dünýäsiniň iň ygtybarly koroly hökmünde sensor açyşlaryna taýýarlyksyz girdi. Millionlarça dollar ýitgi çekdi. Emma ne Kodak we AGFA ýaly ýitip gitmegi isledi ne-de fuji ýaly pudagyny çalyşdy. Ol pudagyny gorady we ýokary depgin bilen sensor täzeliklerine ünsüni jemledi. Yzrakdanam bolsa ýaryşdan çykmady. Şuwagt
indi demini dürsäp başlan ýaly. Şuwagt täzelikler bilen bezelen enjamlar çykarýar. Bu kärhana-da öz strategiki häsiýetleri bilen beýlekilerden tapawutlandy.
Işewür hökmünde biznes öwrümlerine ençeme sapar sezewar bolansyňyz hökman, indem bolarsyňyz. Sebäbi biznes dünýäsiniň gurluşy şeýle.
Indiki öwrümlerde göreli hany kimiň Nokia ýaly hereket etjegini, kimiň kodak boljagyny?! Kim bilip dur; belkäm aramyzdan Apple-lar hem çykar?! Ýagny biznes öwrümleriniň öňdebaryjysy.
Gülbahar ORAZMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 210-njy toparyň talyby