Hormatly Prezidentimiziň ylmy-filosofiki eserlerinde milli gymmatlyklara
goýulýan sarpanyň, şeýle hem jemgyýetiň, döwletiň we şahsyýetiň arasynda ýola
goýlan sazlaşygyň üsti bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durmuş
filosofiýasy giňişleýin beýan edilýär. Häzirki döwrüň durmuş filosofiýasynyň,
döwlet ideologiýasynyň baş maksady milletiň döredijilik we gurujylyk ukybyny,
mümkinçiligini ýokarlandyryp, döwrebap ösüşe itergi berýän ruhy kuwwaty
esaslandyrmak bilen hem berk baglanyşykly. Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň
ruhy-medeni gurşawynyň çygrynda kämil şahsyýetiň nusgalyk idealyny kemala
getirmek babatynda Hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzdan miras galan,
ýaşaýşy kemally gurnamakdaky pähim-paýhasa eýlenen ýol-ýörelgeleriniň
esasynda döwrüň ösüşine kybap progressiw pikirleri her bir okyja örän ýiti täsirini
ýetirýär. Esasan-da, nesilleriň hakydasynda ebedileşen geçmişiň beýik danalarynyň
parasatly pikirleri bilen sazlaşykly utgaşýan döwletlilik ýörelgeleri älem, dünýä
ýaly giňişligiň çäginde öz ornuňy tapmaga, öz-özüňi aňlamaklyga ýol arçaýar.
Ynsanyň akyl hem paýhasynyň ösüş logikasynyň kanunalaýyklygy adamyň
ýaşlyk döwründe daş-töweregine, tebigatyň kanunalaýyklyklaryna, wakalara,
hadysalara, jemgyýetiň ýörelgelerine akyl ýetirmeklige synanyşandygyny, ikinji
tapgyrda, ýagny akyl-paýhasynyň kämilleşdigiçe özüne düşünmäge, öz-özüne akyl
ýetirmäge ymtylýandygyny görkezýär. Emma, özüňe akyl ýetirmek ýeňil-ýelpaý iş
däl. Özüňe akyl ýetirip, bu dünýädäki ornuňy aňlamak adam ömrüniň
dagynyklykdan bitewilige, gögelelikden paýhaslylyga, kämillige geçiş
pursatlarydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Öz-
özüň diňe töwerek bilen sazlaşykly ýagdaýda, bitewi görlende aýandyr» diýen
pikir öňe sürülýär. Dogrudan hem, şahsyýet tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşy
gurnap, dünýä bilen bir bitewiligiň çäginde özüne akyl ýetirer. Älem bilen adamyň
bitewiligiň çygrynda özüni aňlamaklygy milletimizde «Özüni tanan weli» diýen
halk pähimi bilen aňladylýar. Munuň özi gadymy grek akyldary Sokratyň «Öz-
özüňe akyl ýetir» diýen sargydy bilen kybapdaş kysymda utgaşyp, ýa görnüşiň
ýaly bolup, ýa-da bolşuň ýaly görnüp (Möwlana Jelaleddin Rumy), hem özüňe,
hem jemgyýete özüňi ykrar etdirip bilmek ukybydyr. Bu babatda türkmen
zenanynyň dünýäniň maddy gymmatlyklarynyň hataryny artdyran nepis
halylarynyň mysalynda onuň halyçylyk hünärinde özüni tapandygyny bellemek
gerek. Bu bolsa Hormatly Prezidentimiziň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda
bellenilişi ýaly, «… özüňi tapyp, ähli ynsana özüňi açmagyň ýollaryny salgy

bermek başarnygydyr». Bu kämil terbiýe, edep-ekram, milli gymmatlyklara sarpa
goýmak we aň tejribesi bilen hem berk baglanyşyklydyr. Halyçy zenan öz kesbi,
döredijiligi bilen ussatlyk mertebesine galýar. Onuň ussatlygy, zehini,
adamkärçiligi, akyl-paýhasy, tebigat hem daş-töwerek bilen gatnaşygy ýaly
aýratynlyklary özünde jemläp, älemde nepisligiň hem gözelligiň nusgasy
hökmünde kabul edilen ajaýyp halysy bilen sungata dowamatlylyk bagyş edýär. Ol
ussatlygyň ýokary derejesinde haly sungatynyň inçe syrlaryny şägirdine kemsiz
öwredýär. Şägirt bolsa halypadan ozdurmasa, kär ýitýär. Şägirdiniň kämilligini
gazanmak halyçy zenanyň baş maksady. Halypa – şägirt gatnaşyklarynyň
jähetinden Hormatly Prezidentimiziň örän möhüm ähmiýetliligi bilen ünsüňi
özünde jemleýän pikiri halypanyň çyn halypa bolanynda, ondan ozdurmagyň
çetindigi bilen baglydyr. Çyn ussat dogabitdi ýokary ukyba, kämil zehine eýe.
Olaryň taryhy ösüşde täzeden gaýtalanmagy milletiň ykbalynyň ýaňadan
galkynmagydyr. Hut, şolar öz atlaryny däl, ilkinji nobatda, milletiň adyny taryhy
ösüşiň dowamynda ussatlygy, janypkeşligi we guýmagursak zehini bilen dünýä
serpaý ýapan gözelligiň, kämilligiň gaýtalanmajak nusgasynyň – türkmen
halysynyň üsti bilen ebedileşdirdiler.

Mährijemal Hapyzowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy.