Fransiýanyň Tebigy taryh muzeýiniň biologlary Ýuwaş okeanynyň
günorta böleginde barlaglary geçirip, ylymda ozal mälim bolmadyk deňiz
jandarlarynyň görnüşini ýüze çykardylar. Olar deňiz ýyldyzlary (ofiur) diýip,
«Proceedings of the Royal Society B» neşiri habar berýär.
Ophiojura exbodi adyny alan jandarlaryň uzynlygy, takmynan, 10 santimetre
golaý murtlary bar. Olaryň her birinde ýiti tikenleriň birnäçesi bar. Ofiurlaryň
koloniýasy beýleki ekoulgamlardan uzakda bolan suwasty daglyklarda mesgen
tutupdyrlar. Alymlar göräýmäge bu jandarlar üçin ewolýusiýanyň saklanandygy
hakyndaky netijä geldiler. Ýagny olar irki ýura döwründen bäri, soňky 180 million
ýyl wagtyň dowamynda hiç hili üýtgeşmelere sezewar bolmandyrlar.
Ofiurlary Ýuwaş okeanynyň Günorta bölegindäki suwasty daglyklaryň
Bank-Dýuran gerşinde, 480 metrden gowrak çuňlukda ýüze çykardylar. Alymlar
olaryň murtlarynyň böleklerini elektron mikroskop arkaly öwrendiler we
barlaglaryň netijeleri olaryň duýujy plastinalarynyň zynjyra baglanyp, bedeniň
suduryny emele getirýändigini görkezdi. Olaryň her birinde jübüt deşikler bolup,
olar nerw we myşsalary berkitmek üçin niýetlenendir. Şonuň bilen birlikde-de,
ofiurlaryň murtlary öýjüklerden doly.
Deňiz ýyldyzlarynyň gurluşy alymlar üçin örän üýtgeşik göründi. Olar bu
jandarlara meňzeş häzirki zaman görnüşini tapyp bilmediler. Alymlar mikroskopik
barlaglary geçirenlerinde, Fransiýanyň demirgazygyndan tapylan daşa öwrülen irki
ýura döwrüne degişli nusgalary deňeşdirdiler. Paleontolog Ben Tui olaryň hem edil
şu jandarlar ýaly görnüşdedigini aýtdy. Ophiojura exbodi jandarlarynyň seýrek
relikt görnüşdigi gürrüňsizdir. DNK barlaglary olaryň öz ýakyn garyndaşlaryndan
180 million ýyl mundan ozal bölünip aýrylandygyny görkezýär. Alymlar olaryň
tapylan ýeriniň entek ýüze çykarylmadyk deňiz jandarlarynyň görnüşleriniň we
daşa öwrülen jandarlaryň çäkli goraghanasy bolup biljekdigini çaklap, ol ýere
ekspedisiýalary ibermegiň zerurdygyny aýdýarlar.
Ýuwaş okeanynda ýura döwrüne degişli jandarlaryň koloniýasy tapyldy
