Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy ÝUNESKO
bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen
baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi. Ýurdumyzyň «Gadymy Merw»,
«Köneürgenç» we «Gadymy Nusaý» taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň
sanawyna girizildi. Şeýle hem türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury
hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň
sanawyna girizildi.
Şu ýylyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Türkmenistanyň köptaraplaýyn we
milli hödürnamalaryny girizmek boýunça degişli işler dowam etdirildi. Hususan-da, Özbegistan we Täjigistan
bilen bilelikde «Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Eýran Yslam Respublikasy
bilen bilelikde «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly köptaraplaýyn hödürnamalar doly taýýarlanylyp,
ÝUNESKO-nyň sekretariatyna tabşyryldy. Bu hödürnamalar boýunça çözgütleriň 2022-nji ýylda kabul
edilmegine garaşylýar.
Milli hödürnamalar barada aýdylanda, ÝUNESKO-nyň «Şäherleriň döredijilik toruna» Aşgabat şäherini
girizmek boýunça resminamalaryň doly taýýarlanylandygyny hem-de bu guramanyň sekretariatyna
tabşyrylandygyny bellemek gerek. Bu babatda gutarnykly çözgüdiň şu ýylyň 29-njy oktýabrynda yglan
edilmegine garaşylýar. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň
sanawyna girizmek üçin «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly
hödürnama boýunça resminamalaryň toplumy hem dolulygyna bu gurama tabşyryldy. Bu bölüm boýunça
netijäniň şu ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maddy däl gymmatlyklar boýunça komitetiň
çäginde kabul edilmegine garaşylýar.
Milli Liderimiziň resmi çykyşlaryndan we syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp, häzirki wagtda ÝUNESKO bilen
hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn ösdürmek üçin, şol sanda Türkmenistanyň hödürnamalaryny ilerletmek
maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy. Olar, hususan-da, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we
Özbegistanyň aram guşaklykdaky çölleriniň goraghanalaryny öz içine alýan «Aram guşaklygyň Turan çölleri»
atly transmilli hödürnamany taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu hödürnamanyň çäklerinde
Türkmenistanyň üç sany, ýagny Repetek biosfera, Bereketli Garagum we Gaplaňgyr döwlet tebigy
goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde, Köýtendag ekoulgamyny hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä
mirasynyň sanawyna girizmek boýunça resminamalar taýýarlanylýar. Olary baýlaşdyrmak, ylmy-barlag
maglumat bilen üpjünçiligini artdyrmak we bu ugurda halkara tejribäni çekmek maksady bilen, ABŞ-nyň Uly
landşaftlary goramak merkezi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edilýär.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.