Häzirki wagtda ykdysadyýeti ösen döwletlerinde döwlet eýeçiligi ykdysady
durmuşyň möhüm ýagdaýlaryň biri bolup durýar, ykdysadyýetiň döwlet ulgamy
bolsa ykdysady ösüşiň döwlet syýasatynyň, programmirlemegiň we döwürleýin
bolmadyk kadalaşdyrylyşyň esasy guralyna öwrüldi.
Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrma we hususylaşdyrma boýunça dünýä
tejribesi, birinjiden, ösen döwletlerinde döwlet ulgamynyň kärhanalarynyň ýokary däl
netijeliligi hususyýetçiligiň döwlet däl görnüşi bilen şertlendirilendigine şaýatlyk
edýär. Eger-de býujet maliýeleşdirilmegine bil baglaman, bäsdeşlik şertlerinde
işlenilse, bazaryň kanunçylygyna laýyklykda hereket edilse, olar ýokary bäsdeşlikli,
netijelili bolup bilerler. Ikinjiden, döwlet ykdysadyýete kadalaşdyryjy täsir edişi
amala aşyrmaga, jemgyýetde sosial dartgynlylygy peseltmäge we ilatyň
jemgyýetçilik eşretlere ygtyýarlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän maddy esas
bolup durýar. Şonuň üçin ykdysady, şeýle hem durmuş we syýasy netijeleri göz
öňünde tutup, döwlet eýeçiliginden aýyrmaklygy we hususylaşdyrmaklygy amala
aşyrmak zerur. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda 2014-nji ýylyň 7-nji iýulynda kabul
edilen “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň
hususylaşdyrylmagy hakynda” Düzgünnama laýyklykda döwlet emlägi bolup durýan
edara-kärhanalary döwlet eýeçiliginden aýyrmaklygy we hususylaşdyrmaklygy amala
aşyrmak üçin baha kesmek işini ýerine ýetirmek hökmanydyr.
Baha kesmek işinde emläklere baha kesmekligiň meselelerini çözmeklik ylym
hökmünde aşakdaky kesgitleýär:
bahalandyrmak emläginiň girdejililik we gymmatlylyk derejesini kesgitleýän
özbaşdak ylym bolup durýar;
baha kesmek işinde öwrenilýän emlägiň gymmatyna howaýy ululyk däl-de,
eýsem şol döwletiň jemgyýetçilik-ykdysady ösüşiniň çäginde gündelik ykdysady
ýagdaýy görkezýän jemgyýetçilik zähmetiň önümi hökmünde düşünilmelidir;
Edara-guramalarynyň we kärhanalarynyň gymmatyna baha kesmekligiň esasy
çeşmesi bolup onuň maliýe hasabatlylygy çykyş edýär. Maliýe hasabatlylygyň
düzülmeginiň we berilmeginiň esasy görkezijisi bolup önümiň özüne düşýän gymmat
çykyş edýär. Onda kärhananyň önüm öndürmeklige we ýerleşdirmeklige eden ähli
harajatlaryndan ugur alnyp, kärhananyň aktiwlerine baha kesmeklik amala aşyrylýar.
Maliýe hasabatlylygynyň maglumat esasyny düzýän deslapky maglumatlardan
ugur alnyp, dürli talaplary, şol sanda hakykylygy, öz wagtyndalygy, ýeterlik dürsligi,
düýpliligi, deňeşdirip bolujylygy öňe sürülýär. Görkezilen talaplar bir-biri bilen aýry
bolman, özara baglanyşyklydyrlar hem-de maliýe gözegçiliginiň esasy çeşmesi bolup
durýandyr.
Maliýe gözegçiligiň amala aşyrylyşynyň dowamynda ýüze çykarylan maliýe
bozmalarynyň umumy göwrüminiň esasy bölegini býujet serişdeleriniň
maksadalaýyk däl ulanylmagy tutýar. Gözegçiligiň amala aşyrylyşynyň wajyp
meselesi bolup geçirilen barlag-derňewleriň netijeleri boýunça býujet serişdeleriniň
gaýtarylmagynyň pes göterimliligi çykyş edýär. Munuň bilen baglanyşykly
gözegçiligiň çäreler toplumyny geçirmeklik zerurlygy ýüze çykýar.
Maliýe gözegçiliginiň esasy usullarynyň biri hökmünde maliýe-hojalyk işiniň
derňewleriniň amala aşyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin hökmany
suratda kanuny çykaryjylyk tertibi boýunça derňewiň maksadyny we meselelerini
anyklap, derňewiň geçirilişiniň esaslaryny, onuň geçirilişiniň tertibini, derňewi
geçirmäge hukugy bolan agzalarynyň düzümini, olaryň hukuklaryny we borçlaryny
derňew geçirilýän guramalarynyň hukuklaryny we borçlaryny kesgitlemek zerurdyr.
Döwlet emlägi bahalandyrylanda baha kesmek işiniň infrastrukturasy ýaly, döwlet
kärhanalarynyň işiniň üstünden döwlet maliýe gözegçiligi prosesine düzgünleşdirme
girizilmegi ündelen ekspert işgärleri hem kemala gelýär. Döwlet derejesindäki baha
kesmek ulgamynyň seljermesi aşakdaky netijelere getirdi:
1. Bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyklykda emläkleriň gymmatyna baha
kesmekligiň usullary döwrebaplaşdyrylýar;
2. Isleg we teklibiň netijesinde kärhananyň aktiwlerini bahalandyrmagyň
adalatly gymmaty emele getirilýär;
Şol nukdaýnazardan, düzgün bolşy ýaly, aktiwleriň gymmatynyň möçberi,
aýratyn hem, döwrebap şertlerinde buhgalter hasabatlylygynda dolanyşykdan daşary
aktiwleriň gymmaty olaryň hakyky gymmatyndan güýçli tapawutlanýar, olaryň dogry
bahalandyrylmagy bolsa hökmanydyr.
Aýsenem Nepesowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy