Ibn Sina – türkmenleriň arasynda Lukman Hekim ady bilen meşhur bolan dünýä belli lukman, ensiklopedik alym. Doly ady Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina bolan bu alym bütin dünýäde Awisenna ady bilen meşhurdyr. Ibn Sina 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda Buharanyň golaýynda Afşina diýen obada dünýä inýär. 1037-nji ýylda bolsa aradan çykýar. Ibn Sina 10 ýaşynda filosofiýanyň köp meselelerini mugallymlaryndan hem gowy bilipdir. 12 ýaşynda uly ýaşlylaryň köpüsi onuň ýanyna dürli meseleler boýunça maslahata gelipdirler. 14 ýaşynda bilim babatynda mugallymlardyndan ozduryp, özbaşdak okamaga başlaýar. 16 ýaşynda eýýäm men-men diýen lukmanlar onuň pikiri bilen ylalaşmaga, tebipçilik tejribesini oňlamaga başlapdyrlar. Lukmançylykdan daşary hukuk ylymlaryndan ders alýan, çekişmelere gatnaşýan wagty hem Ibn Sina 16 ýaşly oglandy. Ol ýaňy 16 ýaşyna girende Buharanyň  emiri Nuh ibn Mansuryň derdine derman tapyp, Samany hökümdarlarynyň baý kitaphanasyna 2 ýyllap girmäge hukuk gazanypdyr. 17 ýaşyndaky filosofiýanyň iň kyn meseleleri boýunça Birunynyň özüne beren 18 sowalyna jogap berip bilipdir. 21-23 ýaşynda Ibn Sina ýörite sargyt esasynda üç sany kitap ýazylypdyr. Şolaryň biri kanunçylyga we filosofiýa degişli bolup, 20 tomdan ybarat bolupdyr. Ibn Sina iň köp kitap ýazan alymlaryň biridir. Alym arap dilinde 456, pars dilinde 23 kitap ýazypdyr. Emma şu kitaplarda diňe 240-sy bize gelip ýetip, galany ýitipdir. Biziň günlerimize gelip ýeten işleriniň 150-si filosofiýa, 40-sy lukmançylyga 50-si bolsa beýleki ylymlara degişlidir.

Saparow Guwançberdi
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 124-nji toparynyň talyby