Muhammet al-Horezmi algebra ylmynyň «atasy» hasap edilip, onuň ady Ýewropadaky häzirki zaman matematika ylmynyň kemala gelmegi bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Onuň arifmetika degişli işleri matematikanyň taryhynda möhüm orun aldy. Al-Horezmi «Hindi hasaby hakda kitap» atly işinde, ilki bilen, hindileriň dokuz san belgisi arkaly islendik sany ýazmak bolýandygyny görkezmek isleýändigini beýan edýär. Ol bu usulyň esasynda sanlary köpeltmek, bölmek, goşmak we aýyrmak amallaryny ýerine ýetirmegiň aňsatdygyny belläp geçýär. Kitabyň beýleki sahypalarynyň mazmunyny üç bölüme bölmek mümkin. 1-nji bölümde alym onluk hasaplaýyş ulgamy barada düşündiriş berýär, 2-nji bölümde bitin sanlar üstünde amallaryň düzgünlerini, 3-nji bölümde bolsa droblar hakynda we sanlardan kwadrat kök almak hakda düşündiriş berýär. Bu işlerde ilkinji gezek hindilerde ýüze çykan, ýöne uzak wagtlaryň dowamynda Hindistanyň çäklerinden çykmadyk nol sany ilkinji bolup al-Horezminiň meseleler çözmekde peýdalanmagy, hindi san belgilerini günbatarly alymlara elýeterli etdi. Bu onuñ matematikada biteren uly hyzmatydyr. Al-Horezmi tarapyndan ulanyşa girizilen nol sany 250 ýyl soň Ýewropada ulanyp başladylar. Onuñ bu işi, taýýarlan gollanmasy arkaly arap döwletlerine, soňra bolsa Ýewropa ýurtlaryna ýaýraýar. Hasaplaýyş ulgamlarynyň artykmaçlyklaryny görkezmek, düşnükli we sada dilde beýan etmek hem beýik matematik al-Horezminiň paýyna düşýär. Gündelik durmuşda arifmetikadan peýdalanmagyň, ylmy barlaglary geçirmegiň ýollaryny ilkinji bolup görkezen we arifmetikany ulgamlaýyn görnüşde ösdüren beýik matematik al-Horezmidir. Meşhur matematik al-Horezmi algebrany esaslandyryjy hasaplanylýar. Onuň «Algebradan we almukabalydan hasaplamak boýunça gysgaça kitap» atly işi algebra boýunça ýazylan ilkinji kitapdyr. Ony matematikanyň taryhyny öwreniji alymlaryň ählisi ykrar edýär. Al-Horezminiň matematikanyň taryhynda esasy orny eýeleýän bu işinde ilkinji gezek «algebra» sözi ulanylypdyr. Onda ilkinji gezek algebra çyzykly we kwadrat deňlemeleriň çözülişiniň umumy usullary baradaky ylym hökmünde görkezildi. Öz döwründe heniz harp simwolikasy girizilmänligi üçin çyzykly we kwadrat deňlemeleriň çözülişiniň umumy usullary söz üsti bilen düşündiripdir. Öz döwrüniň beýik matematigi bolan al-Horezmi diňe bir Gündogaryň ylym dünýäsine däl, eýsem Günbataryň ylym dünýäsine-de uly täsir edipdir. Günbatar matematikleri al-Horezimiň uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetiniň netijesi bolan bu işini matematika ylmynyñ düýp eser hökmünde kabul edipdirler. Gündogaryñ we günbataryñ bilim dünýäsinde ilkinji kämil algebra kitaby hökmünde abraý gazanan bu iş ýewropaly alymlaryň täze ylmy işlerine gönezlik bolupdyr. Ol häzirki ýokary algebranyň ýüze çykmagyna hem oňaýly täsirini ýetiripdir. Matematikanyň taryhyny öwrenýän alymlar beýik alym al-Horezimniň «Algebradan we almukabalydan hasaplamak boýunça gysgaça kitap» atly işiniň Ýewropada ilkinji öwrenilip başlanandygyny, şol döwrüň alymlarynyň ýankitabyna öwrülendigini tassyklaýarlar.
Al-Horezmi – beýik matematik

ANNAÝEWA Arzuw
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň I ýyl talyby