Türkmen halkynyň Garaşsyzlygy gazanmagyny arzuw eden ilkinji
serkerdeleriň biri Keýmir körüň ady asyrlar boýy türkmen halkynyň
hakydasynda ýaşaýar.Taryhçy alymlaryň aýtmagyna görä Keýmir kör
Döwletýar handan soň türkmenleriň hany bolup,1372-nji ýyla çenli
başda duran serkerdedir. Beýik serkerdäniň özboluşly aýratyn
häsiýetleri bolupdyr, ol gepe çeper, mergen, söweşjeň hem örän özüne
çekiji serkerde bolupdyr. Hat- da boýy o diýen uzyn bolmasa- da
haýbatly görünmesi ony has görmegeý , çekindiriji görkezipdir.

Teýmirleň türkmenleriň nijeme asyrlap agzybirlikde ýaşan goňşusy
Hywa hanyna garşy çykmalaryny sorap, habar ugradanynda
türkmenleriň lebzi halallyk ganynda bardygyny we onuň bilen lebzi hiç
wagt bozmajaklarny ant eden Aman serdara hem- de beýleki
türkmenlere sürgün edilmek durmuşy başlanypdyr. (Ýazyjy Ata
Durdyýewiň “Keýmir kör” romanynda bu barada jikme- jik
berilýändigini nygtamak isleýäris) Şeýlelikde türkmenleri sürgün eden
Teýmirleň diňe şondan soň ynjalyk tapypdyr. Şol sürgün edilen obada
Aman serdaryň obasynda Keýmir serdaryň söweşjeň hem gaýratly atasy
hem bar eken.Dört asyrlap, köklerini antguýynyň başyna ýaýradan
türkmenler öz garaşsyzlygyny almak üçin
Teýmirleň Hywany basyp alanyndan soň,garagumda ýaşaýan türkmen
taýpalaryny sürgün etmäge başlaýar. Olaryň agramly bölegini
Çynmaçynyň Taklamekan diýen ýerine,başga bir bölegini bolsa,
Uzboýuň kenaryndaky Kelif, Nurgarabaýyr, Kermen, Owganystanda
ýerleşýän antguýa tarap sürgün edýärler.
Şeýlelikde olar dört asyra golaý, özleriniň köklerinden uzaklarda
ýaşaýarlar.
Şeýlelikde 16 –njy asyryň başlarynda Antguýyda ýaşaýan türkmenleriň
içinde Hojanepes atly gurply bir baýyň (Hojanepes batyryň) ogly bolýar.
Antguýyly türkmenler öz mekanlaryna gaýdyp gelmek üçin umyt edip,
ýagny giden ýerlerini sapar hökmünde görüp,täze bolan çaga hem- ä
hakyky ady Tagandurdy dakýarlar , soňra sapara ýanap, öz nesillerine
Saparmämmet diýip, hem ýüzlenýärler.Gyzyl,Wekil, Emir,
Saparmämmediň doganlary bolupdyr.Tagandurdy- saparmämmet 6
ýaşda okamany we ýazmany öwrenipdir.Hojanepes Olguny harby tärime
bereninde kiçijikkä, Tagandurdy bir gözünden bolupdyr we şol sebäpli-
de ol Keýmir adyny alypdyr. Ýagny Keýmir kör.Şol wagtlarda
Hojanepes serdar öz topragyna dolanmaga wagt boldy hasaplap, ýola
çykypdyrlar. Şeýlelikde olar Hywa hanyndan ýer alyp,was düzlügine
göçüp gelipdriler. Wagt geçip başlapdyr. Täze göçüp gelenleri sebäpli
türkmenleriň Hywa hanynyň salgydyny çekmäge ýagdaýlary bolmandyr.
Onsoň olar birgiden bolup,hanyň huzuryna gidýärler. Şol wagt Keýmir
hem gitmek isleýär we özüniň batyrgaýlygy, çeýeligi, ýitiligi bilen

tanalýan Keýmiri ýaş görüp, yzlaryna düşürmeýärler.Keýmir bolsa
garama- gara Hywa hanynyň ýanyna giden türkmenleriň yzyna düşüp
gidiberýär. Han olar bilen gürleşýär. Gürleşende Hijisiniň gürrüňi
maňzyna batmaýar, ýagny hanyň göwnünden turmaýar.Şonda han:
Başga bir gepini düşündirip biljek adam ýokmy o ýerde diýip, aýdanda
ýaşulylar nälaç Keýmiri görkezmeli bolýarlar.Keýmiriň çykyşy hana
ýaraýar.Han olary salgytdan boşadyp, ugradyp goýberýär.Şol wagtlar
Hywa hany bolmaly Nedirguly hem Hywa hanynyň elinde ýesirlikde
ekeni. Rowaýatlara görä, Hywa hany Ýaş ýetiginjek Nediri hem
Keýmiriň sözi bilen ýesirlikden boşadýar.Keýmir serdaryň esasy ýaragy
ýiti söz, degişme we kä halatlarda ýiti dil bolupdyr.Ol hemişe ýaragyň
deregine ýiti hem- de jaý sözleri aýdyp, birnäçe işleri ýola goýupdyr,
birnäçe söweşleri , dartyşmalary ýatyrypdyr.Bir gezek oňa ýaşulylaryň
biri oňa: “Oglum, sen syçrap duran bolarsyň” diýipdir.Şonda Keýmir:
-Ýa syçrap durmaly, ýa- da hiç ýok bolmaly- diýip, jogap beripdir.
Keýmir kör juda suhangöý , goňur gözli, ak ýagyz adam bolupdyr.Ol
nirde näme gürlemelidigini bilýän, juda algyr watançy ýigit bolupdyr.
Bu günki gün Garaşsyz Baky Bitarap watanymyzda paýtagtymyz
Aşgabadyň goýnundaky Garaşsyzlyk seýilgähinde Keýmir serdaryň
ajaýyp heýkeli alyslara seredip, öz watanynyň Garaşsyzlygyna, onda- da
Baky Mukaddes Garaşsyz watan bolandygyna guwanyp otyr.

Altyn MUSAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby