Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň innowasion menejment ugurly ösüşi ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ykdysady ösüşiň bu ýoly döwlet resminamalarynyň birnäçesinde – Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlarynda, kararlarynda, pudagy ösdürmegiň maksatnamalarynda berkidilendir.

Milli ykdysadyýetimizi innowasion menejment ýoly bilen ösdürmek şu günüň we geljegiň zerur talabydyr. Sebäbi tehnologiki taýdan ösen ýurtlaryň harytlary halkara bazarlarynda bäseşige ukyplydyr. Bu ukyp bolsa bäseşige ukypsyz harytlaryň aradan aýrylmagyna we önümçilikleriň täzelenmegine getirýär. Dünýä bazarynda ösen döwletleriň bäseşige ukyply harytlary tarapyndan ösüp gelýän ýurtlaryň öndürijileri üçin döreýän şeýle oňaýsyz ýagdaýdan sowlup geçmegiň ýeke-täk ugry hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, diňe innowasion menejmentiň ösüş ýoludyr.

Şonuň üçin dünýäniň ykdysady ösüşinde yza galmazlyk, oba hojalyk we taýýar azyk önümlerini iri eksport edijiler bilen deň derejede bäsleşmek üçin Türkmenistanyň oba hojalygynyň innowasion menejmentli ösüşiniň hereketini çaltlandyrmalydyr hem-de dünýäde ykrar edilen bäseşik usullaryny özleşdirmelidir. Bu ýagdaý ýurduň makroykdysady ösüşiniň möhüm aýratynlyklarynyň biridir.

Türkmenistanyň oba hojalygynyň jemi içerki önümdäki paýy her ýylda 9,0%-e barabar bolýar. Soňky ýyllaryň makroykdysady ösüşine ser salanymyzda, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň durnukly we yzygiderli ösüşe eýedigini görmek bolýar. Emma, oba hojalyk önümçiliginiň jemi içerki önümdäki paýy bolsa yzygiderli peselýär. Bu ýagdaýy ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň (söwdanyň, senagatyň, gurluşygyň, hyzmatlar ulgamynyň we ş.m.) çalt depginler bilen ösýändigi, olaryň jemi içerki önümdäki paýynyň has çalt ýokarlanýandygy bilen hem düşündirmek bolar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň çalt senagatlaşýandygyny görkezýär. Jemi içerki önümiň düzüminde senagat harytlarynyň agdyklyk etmegi ösen döwletlere mahsus görkezijidir.

Ýurdumyzyň oba hojalygy uly mümkinçiliklere eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ilatynyň ýarysyndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Oba hojalygynda ýurdumyzyň ähli işe ukyply ilatynyň 40%-den gowragy zähmet çekýär. Bu sanlar oba hojalygymyzyň ägirt uly adam gaznasyna we esasy öndüriji güýç bolan zähmet gorlaryna eýedigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan oba hojalygyny bazar şertlerine laýyklykda ösdürmek barasyndaky agrar syýasatynyň özeninde, bu pudagyň bar bolan ähli mümkinçiliklerini halkyň abadan we bolçulykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin peýdalanmak we ösen ýurtlar bilen bäsleşip biljek agrar önümçiligi döretmekden ybarat bolup durýar.

Öňde goýlan bu maksada ýetmekde oba hojalyk önümçiligini innowasion menejmentli ösüş ýoluna geçirmegiň hökmany zerurlykdygyny milletiň Lideri hemişe nygtaýar.

Şol bir wagtyň özünde oba hojalygymyzyň häzirki ýagdaýyna we netijesine baha bermek bilen ýurdumyzyň agrar-senagat önümçiliginiň häzirki wagtda toplumlaýyn innowasion menejment ösüşiň diňe başlangyç tapgyrynda ýerleşýändigini hormatly Prezidentimiz ýerlikli belleýär.

Ýurdumyzyň agrar-senagat toplumynyň üznüksiz ulgamlaýyn innowasion menejmentli ösüşiniň başlangyjy 2007-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli Maksatnamasynda» we 2010-njy ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyndan», 2012-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 12425 belgili karary esasynda tassyklanan “Türkmenistanyň Oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyndan” badalga aldy we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” boýunça dowam edýär.

Olarda ýurdumyzyň oba hojalygynyň görkezijilerini ösen ýurtlaryň

görkezijileriniň derejesine çykarmak wezipesi goýuldy. Maksatnamalar kabul edilmezden öň agrasenagat toplumynda innowasiýanyň täzelenişi amala aşyrylyp başlandy.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň agrar-senagat toplumyny innowasion menejmentli ösüş ýoly bilen ösdürmekde örän köp işler amala aşyryldy. Netijede, ýurdumyzyň agrosenagat toplumy möhletleýin strategiki ösüşiniň birinji tapgyryna başlady.

Kabul edilen milli Maksatnamalara laýyklykda ýurtda häzirki zaman oba hojalyk ilatly ýerlerde, täze görnüşli agrar şäherçe obalar döredilýär. Bu şäherçe obalar zerur bolan ähli durmuş şertlere, ýagny: inženerçilik, azyk önümçiligi, ýaşaýyş jaý, kommunikasiýa, söwda, hyzmat ediş, medeni, bilim, saglygy goraýyş we ş.m. infrastrukturalara eýedir. Bu infrastruktura ulgamlary tassyklanan durmuş standartlara laýyk gelip, olary ösen ýurtlaryň görkezijileri bilen deňeşdirmek bolar. Häzirki wagtda iri we orta ululykdaky oba hojalyk harytlaryny öndüriji kärhanalarynyň birnäçesi telekeçiligiň mehanizmlerini doly özleşdirip başladylar. Kämil özgertmeleriň netijesi bolan şeýle hojalyklar häzirki wagtda durnukly işläp başlady. Olar önümçiligiň we haryt ýerleşdirmegiň durnukly ýokary möçberlerini üpjün edip, iş ýüzünde öz-özüňi ödemek hem-de öz-özüňi maliýeleşdirmek ýörelgelerine laýyklykda hereket edýärler.

Berkarar döwleetimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny sazlaşykly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Pudaga iri möçberde maýa goýum seroşdeleri gönükdirilýär, netijede bu ugurda ýurdumyzyň sebitleri çalt depginler bilen ösdürilýär.Ylmyň we tehnikanyň öňde baryjy gazananlaryny, iň gpwy dünýä tejrebilerini önümçilige ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Oba senagat toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilýän döwlet goldawynyň we ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň aýratyn ähmiýeti bar. Oba senagat toplumy üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap traktorlary, kombaýnlary, ekiş gurallary we beýleki tehniklar yzygiderli satyn alynýar. Ekrançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiliginiň, suwaryş ulgamynyň gowulandyrylmagy, ýerleriň hasyllygynyň ýokarlandyrylmagy, täze boz ýerleriň özleşdirilmegi, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, gök ekrançylykda we maldarçylykda tohumçylyk işiniň ösdürilmegi boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar.

Topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen üpjün edilýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalarň, şäherleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelen görnüşdäki milli maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2015-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, oba hojalyk pudagy hem toplumlaýyn üýtgedilip gurlar. Ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etjek kuwatly önümçilik, durmuş we inženerlik ulgamlary döredilýär. Hojalygy ýöretmegiň döwlete dahylsyz we garyşyk pudaklarynyň binýadynda oba hojalyk ylymlary ösdürilýär. Innowasiýalar, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar, menejmentiň hem-de marketingiň öňdebaryjy usullary önümçilge giňden ornaşdyrylar.

Şonuň bilen birlikde, iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alýan ekerançylyk we maldarçylyk medenýetimizi döwrebaplaşdyrylyp- ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli azyk önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak arkaly dünýäde parahatçylygy, dostlugy, durnuklylygy, hoşniýetli goňçulygy we bagtyýarlygy alamatlandyrýan Beýik ýüpek ýoly täzeden dikeldilýär.

Şeýle-de bolsa hojalyklaryň aglabasy, bazar ykdysadyýeti şertlerinde hojalygy ýöretmegiň innowasion menejment usullaryny örän haýal özleşdirýärler. Elbetde, bu kärhanalar diňe bir zähmet toparynyň däl, eýsem, ýerli häkimiýet edaralarynyň we döwlet dolandyryş guramalarynyň başlangyjy boýunça düýpli täzeden guralmagyna mätäçdir.

Halkara tejribä görä, önümçiligiň we harydy ýerlemegiň strategiki durnuklylygyny, hereket etmegini gazanmak üçin innowasion kärhanalaryň umumy sany, olaryň umumy möçberleri elli göterimden az bolmaly däldir. Innowasion önümleriň umumy möçberi, görnüşleri, fiziki we gymmatynyň bahasyny goşmak bilen otuz göterimden ýokary bolmalydyr. Şeýle ýagdaýlarda milli azyk bazaryň strategiki durnuklylygy, ykdysady we bazar şertleri bilen bagly mümkin bolan töwekgelçiliklere durnuklylygy, ýurduň azyk howpsuzlygynyň kepillendirmeleri, ýurduň haryt öndürijileriniň daşary ýurt bazarlarynda çalt ornaşmagynyň mümkinçilikleri (milli önümçiligiň dünýä azyk ulgamyna ygtybarly aralaşmagynyň we goşulşmagynyň (интеграция) mümkinçilikleri) hakynda aýtmak bolar.

Dünýä tejribesine laýyklykda, oba hojalykda innowasion menejmenti ornaşdyrmakda, ilkinji nobatda, şu aşakdakylary ýerine ýetirmelidir:

Oba hojalyk kärhanalaryň ähli önümçilik işini guramagyň binýadynda ylmy maslahatlary we ylmy işläp düzmeleri goýmaly. Şu jähtden önümçiligiň ähli tehnologiki prosesi ylmyň talaplaryna, görkezmelerine we kadalaýyk ölçeglerine laýyklykda guralmalydyr.

Şeýle hem tehnologiýalaryň berjaý edilişine iňňän berk gözegçilik ýola goýulmalydyr, sebäbi amatly tehnologiki düzgünleriň islendik ýagdaýda üýtgedilmegi ýa-da bozulmagy tutuş tehnologiki zynjyryň işiniň bozulmagyna we degişlilikde önümleriň ýitgisine ýa-da artykmaç çykdajylara getirýär.

Çig mal almakdan taýýar önümi ýerlemäge çenli önümiň hereket etmeginiň tutuş zynjyry boýunça önümçiligi tehniki we tehnologiki taýdan çaltlandyrylan görnüşde täzeden enjamlaşdyrmaga tarap ugur almaly. Diňe innowasion tehnologiýalaryň bäsdeşlige ukyply önümleri almaga mümkinçilik berýändigini unutmaly däl, ony yzygiderli täzeläp we hilini ýokarlandyryp durmaly. Şonuň bilen birlikde, ýokary hilli taýýar önümler, esasan, önümçiligiň soňky tapgyrlarynda we olar ýerlenilende däl-de, eýsem çig mal önümçiliginiň ilkinji tapgyrlarynda emele getirilýär, şonda geljekki bäsdeşlige ukyplylygyň ähli zerur häsiýetleri döredilýär.

Häzirki wagtda dünýäde, diňe bir taýýar azyk önümleriniň bäsdeşligi däl-de (bu üznüksiz tehnologiýanyň alyjylary üçin görünýän daşky bölegidir), eýsem köplenç halatda kärhanalaryň tehnologiki täzeden enjamlaşdyrma we innowasiýalar (bu tehnologiki zynjyrynyň içerki ýa-da gizlin bölegidir) üçin bäsdeşligi dowam edýär.

Kada bolşy ýaly, önümçiligi çalt täzeden enjamlaşdyrmagy başarýan, enjamlary döwrebaplaşdyrmagy yzygiderli alyp barýan, tehnikanyň we tehnologiýalaryň bäsdeşlige ukyplylyk derejesini üpjün edýän haryt öndürijiler üstünlik gazanýarlar.

Bazaryň hyrydarlygynyň üýtgemegini göz öňünde tutmak bilen, alynýan ahyrky azyk önümleriniň görnüşlerini yzygiderli täzelemegi, taýýar önümiň hilini we isleg ödeýjilik häsiýetlerini ýokarlandyrmagy üpjün etmeli. Innowasion önümleriň udel agramy yzygiderli ýokarlanmalydyr, şonuň üçin hem alyjylaryň dürli toparlarynyň ykdysady we durmuş derejesine laýyklykda sarp edijilik isleglerini öwrenmek we bilmek zerurdyr.

Şonuň bilen birlikde bazara peýdaly häsiýetlere we ýokary hile eýe bolan düýbünden täze önümleri ibermelidir we olaryň gymmatlygyna baglylykda sarp edijileriň hyrydarlygyny döretmeli. Diýmek, bu ugurda ileri tutulýan ugurlaryň ikisi anyk bellenilmelidir:

birinjiden, azyk önümleriniň eýýäm meşhur bolan (däp bolan) düzüminiň hilini we isleg ödeýiş gymmatyny yzygiderli ýokarlandyrmaly, önümleriň birnäçesine wezipeleýin (funksional) häsiýeti (maksatlaýyn, sagaldyş, öňüni alyş, iýmitlik maddalaryň deňagramlylygyny üpjün edýän) bermeli;

ikinjiden, gowulandyrylan biologiki we ekologiki häsiýetli, howpsuz we adam üçin örän gymmatly häsiýetlere eýe bolan azyk önümleriniň düýbünden täze görnüşlerini döretmeli, şu jähtden degişli imidji, sarp edijileriň dürli toparlarynda gyzyklanmany we dogry garaýşy döretmek maksady bilen giňişleýin mahabatlandyrma zerurdyr.

Oba hojalyk çig malynyň we taýýar azyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň esasy görkezijisi diýip, hili kabul etmeli. Hut hiliň ahyrky netijede sarp ediş hyrydarlygyny, alyjylaryň gyzyklanmasyny kesgitleýändigini aýratyn nygtamak gerek. Pes hilli önüm alyjylaryň we bazaryň hyrydarlygyny kanagatlandyryp bilmez. Hile bolan talaplar soňky döwürde, bazar açyk ýagdaýa eýe bolanda we import önümleriniň köpçülikleýin akymy göze ilýän wagtynda aýratyn hem ýokarlandy. Içerki bazarda özüniň eýeçilik ornuny saklamak we daşarky bazarlarda işjeň hereket etmek üçin ýurduň haryt öndürijileriniň, ilkinji nobatda – iberilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga üns bermegi zerurdyr. Hiliň bellenilen görkezijileri ösdürilýän ýerlerinden (meýdandan) we fermadan bazarda ýerlenmegine çenli önümleriň hereket etmeginiň ähli tapgyrlarynda berk berjaý edilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir hiliň kadalary we standartlary däl, eýsem olary berjaý etmegiň kepillendirmeleri, şeýle hem höweslendirmegiň we jogapkärçiligiň mehanizmleri kabul edilmelidir.

Pes hilli, pes sortly, pes görnüşli, ýaramaz isleg ödeýjilik häsiýetli önümiň içerki bazarda bolmagy aradan aýrylmalydyr we diňe şeýle ýagdaýda alyjylar onuň ähli görnüşleriniň arasynda ýurtda öndürilen önümlere isleg bildirerler.

Oba hojalyk önümleri we taýýar azyk önümleri bahasy boýunça alyjylaryň dürli toparlaryna elýeterli bolmalydyrlar.

Bu, birinjiden, durnukly we elýeterli bahalarda kärhanalarda oňaýly (kadalaýyn) çykdajylaryň möçberini, önümçiligiň gymmatynyň möçberini we düşewüntliliginiň derejesini kemala getirmäge mümkinçilik berýän serişde tygşytlaýjy we netijeli önümçilige ugrukdyrýar.

Ikinjiden, alyjylaryň durmuş derejesi we girdejileri boýunça degişli toparlaryna niýetlenen ýokary hilli ekologiki taýdan howpsuz onümi goşmak bilen maksatlaýyn alyjylaryň dürli toparlary üçin önümçiligi döretmegi göz öňünde tutýar.

Üçünjiden, önümçilik emele gelen we geljekde mümkin bolan bazar şertlerini (konýunkturasyny) hasaba almak bilen gönüden-göni bazaryň sarp edijilik isleglerine we ýerleşdirmä niýetlenen bolmalydyr.

Oba hojalyk-senagat önümçiliginiň ýokardan aşak ähli guramaçylyk ulgamy kooperatiw-integrasion görnüş boýunça guralmalydyr (üýtgedilip guralmalydyr).

Bu, bir tarapdan, ähli agrosenagat kärhanalarynyň kooperatiw başlangyçlarda guralmalydygyny, beýleki tarapdan bolsa eýeçiligiň, hojalygy ýöretmegiň we dolandyrmagyň derejesiniň ähli görnüşlerdäki kärhanalaryň önüm ýa-da tehnologiki alamatlary – çig maly almakdan bazar isleglerine laýyklykda ýokary hilli azyk önümlerini ýerlemäge çenli alamatlary boýunça degişli birleşmelere, korporasiýalara, konserinlere, holdinglere, maliýe-senagat toparlaryna we beýleki birleşiklere birleşmelidigini aňladýar.

Öwrenmeler diňe serişdelerini, zähmeti we maýalary integrirlenýän, şeýle hem diwersifikasiýa ýoly bilen depginli öňe barýan kuwwatly agrosenagat birleşmeleriniň (ýöriteleşdirilen we köp pudaklaýyn, dikleýin we keseleýin , hususy eýeçilik, garyşyk we döwlet) iberilýän önümiň talap edilýän hilini, zerur bolan görnüşini we ýokary bäslige ukyplylygyny üpjün etmäge, degişli haryt toparlaryny içerki bazarda eýelemäge we saklamaga, dünýä bazaryna tarap maksadalaýyk hereket etmäge we şu jähtden ýurdumyza taýýar iýmit onümleriniň köpçülikleýin importyna durnukly garşy durmaga ukyplydygyny görkezýär.

Türkmenistanyň agrosenagat önümçiliginiň ähli görnüşleri, görnüşleri we ugurlary doly garalanda (aşakdan ýokara çenli) dünýäde, şol sanda hem sebitde umumy ykrar edilen marketingiň we bäsdeşlige ukuplylygyň ähli wajyp görkezijilerini hasaba almak bilen anyk we üýtgewsiz eksport ugurlylyga eýe bolmalydyrlar. Diňe şeýle ýagdaýda ol içerki we daşarky bazarlarda üstünlikli bäsleşip, durnukly orunlary eýeläp we dünýä hojalygyna işjeň integrirlenip biler. Diňe içerki bazara we ýurduň alyjylaryna tarap ugur almagyň durnukly ýerleşdirmäni we durnukly girdejileri kepillendirip bilmejekdigini açyk aýtmak gerek. Ol diňe bir içerki bazaryň uly däldigi we gowşak çeýeligi bilen baglanyşykly däldir, has dogrusy, munuň sebäbi ýurdumyzyň içerki bazaryna agramly bölegi halkara bäsdeşlige ukyplylyk görkezijileri häsiýetli bolan import oba hojalyk önümleriniň uly möçberleri iberilýär.

Şonuň üçin hem diňe bir daşary ýurtlarda däl, eýsem ýurduň içinde hem dürli ähmiýetli we ýokary alyjylyk hiline we gymmatlygyna eýe bolmaly. Şunuň ýaly strategiýa elbetde, önümçiligiň ähli kadalaýyn-guramaçylyk we tehniki-tehnologiki düzgünleriniň halkara talaplaryna we ylmyň we amalyýetiň iň gowy gazananlaryna laýyk getirilmegini talap edýär.

Şeýlelikde, ýurduň agro-senagat toplumy innowasion menejmentli önümçiligiň depginli ýola goýulmagynyň ösdürilmeginiň görkezilen esasy strategiki şertleri we ugurlary gaýragoýulmasyzdyr, özara baglanyşykly makro we mikro ykdysady çözgütleri talap edýär. Şonuň ýaly esasy çäreleriň hatarynda ylmy barlaglaryň we işläp düzmeleriň maksatlaýyn düýpli we amaly maksatnamalarynyň toplumlaryny ýerine ýetirýän oba hojalyk ylmy bolmalydyr. Alymlaryň ylmy barlaglarynyň mowzuklary tejribäniň ileri tutulýan meselelerine doly laýyk gelmelidir. Bu talaplar hormatly Prezidentimiziň türkmen alymlarynyň öňünde goýan maksatnamalaýyn wezipelerinden gelip çykýar.

Bu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin oba hojalyk alymlary diňe bir kärhanalaryň gündelik wagtdaky talaplaryna jogap bermän, esasan kärhanalaryň, pudaklaryň we agrosenagat ulgamlarynyň geljegi maksada gönükdirilen ösüşleri üçin ylmy binýady (agro-senagat toplumynyň dürli pudaklaryndaky ylmy barlaglar we netijeler) döretmelidirler. Öwrenmeler ylmy edaralaryň tehniki-tehnologiki işläp düzmeleriniň (tehnika, ösümlikleriň sortlary we görnüşleri (gibritleri), mallaryň tohumlary we beýlekiler), umuman alanyňda, kärhanalaryň iş ýüzündäki netijelerinden iň azyndan üç esse öňde bolmalydygyny we olaryň önümçilikde özleşdirilmegi üçin azyndan 4-5 ýyl çäklerde binýat döretmelidigini görkezýär. Şeýle ýagdaýda ylym özüniň wezipesine jogap berýär diýip aýdyp bolar. Mysal üçin, eger-de ýurdumyz boýunça dänelik ekinleriň gektardan 30 sentner derejede hasyllygy gazanylan bolsa, onda ylym haryt öndürijilere gektardan 100-120 sentner hasyl berip biljek oba hojalyk ekinleriniň sortlaryny we görnüşlerini (gibridlerini) hödürlemelidir; ýa-da aýdaly, ýurtda sygyrdan 1 ýylda 4000 kg möçberinde süýt alynýan bolsa onda alymlar her bir sygyrdan ýylda azyndan 12-15 müň kg süýt berjek sygyrlaryň sürülerini döretmegiň üstünde işlemelidirler we ş.m.

Şeýlelikde, ýurdumyzda oba hojalyk önümçiliginiň köpugurly esasda ösdürilmegine, häzirkizaman oba senagat kärhanalarynyň, gaýtadan işleýän desgalaryň ösdürilmegine, onuň esasynda ýokary hilli we köp görnüşleri önümleriň möçberleriniň artydylmagyna uly üns berilýär. Türkmen obalarynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça” we “Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça” Döwlet Maksatnamalary boýunça Döwlet maksatnamalarynyň hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde nusgalyk şäherçeleriň, täze obalaryň peýda bolmagy hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn aladany esasy ugur edinýän döredijilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat

orta hünär okuw mekdebiniň talyby

                         Nuryýew Mustafa