Halkymyz gadym döwürlerden bäri dünýäniň ençeme ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürip gelýär. Solaryň biri hem aslymyz boýunça dogan döwletlerimiziň biri bolan Türkiýe Respublikasydyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.
Asyrlaryň jümmüşine ser salsaň, asly bir bolan bu dogan döwletleriň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy. Deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-türk hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagta çenli ikitaraplaýyn resminamalaryň 168-sine gol çekildi.
Abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar, şunda Türkmenistan we Türkiýe biri-birini özara goldaýarlar. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk depginli ösdürilýär, şonda Bilelikdäki hökümetara toparyň işine ähmiýetli orun berilýär. Bilim, ylym we medeniýet baatda hem ençeme dostlukly hyzmatdaşlyklar yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle hem Türkiýäniň ençeme iri göwrümli kompaniýalary biziň ýurdumyzda ençeme ugurlar boýunça iş alyp barýarlar.
Häzirki wagtda türkmen telekeçilerine hormatly Prezidentimiz tarapyndan dünýä bazarlaryna çykmak üçin gerekli şertleriň ählisi döredildi. Şunlukda türk işewürleri bilen Türkmenistanyň kiçi we orta kärhanalary babatda hem hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilikleri bardyr. Esasan hem oba hojalygy we ýyladyşhanalary gurmakda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligi uludyr. Türkmenistan işjeň bazar hasaplanýar. Bu hyzmatdaşlykda iň uly artykmaçlyklaryň biri hem aradaky dil bilen baglanyşykly kynçylyklarynyň ýoklugydyr. Munuň özi bolsa bu iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklarynyň köküniň örän uzaklary yzarlaýandygyna aýdyň subutnama bolup durýar.