Gadymy şumer halky özüniň şinehat ýazuw ulgamy bilen dünýä ýüzüne
meşhurdyr. Tigr we Ýefrat derýalarynyň boýunda (häzirki Yrak döwletiniň
çäklerinde) b.e.öňki IV müňýyllygyň ahyrynda ýüze çykypdyr.
Käbir alymlar ony dünýäde döredilen ilkinji ýazuw ulgamy hasap edýärler.
Beýlekileriň pikirine görä, ol heniz çözülmedik mesele. Her halda, planetanyň iň
gadymy ýazuw ulgamlary bolan şumerleriň şinehaty we müsürlileriň iýeroglifikasy
– bularyň ikisi hem b.e.öňki IV mчňýyllykda eýýäm ulanyşykda bolupdyr.
Gadymy şumer halky barada antik döwrüň edebiýatynda hiç hili maglumat
berilmeýär.
B.e.öňki IV müňünji ýyllaryň ortalarynda şumerleriň haýsy hem bolsa bir
ýurtdan Mesopotamiýa göçüp gelen bolmaklary çak edilýar. Olar bu ýerde ýerli
semit halkynyň bir bölek ýerini basyp alyp, özleriniň täze watanyny we beýik
medeniýetini – şinehat ýazuw ulgamyny döredipdirler.
Şinehat Müsüriň iýerogliflerinden hem has düýpli ýatdan çykarylypdyr.
Şonuň üçin, edil gadymy müsürlileriň iýeroglifik ýazuw ýadygärlikleri okalanda
bolşy ýaly, şinehat ýazgylaryny okamakda hem alymlaryň öňünde juda kyn
meseleler keserip durupdyr. Onuň ilkinji nusgalary Ýewropanyň ylmy
jemgyýetçiligine XVII asyryň başynda belli bolupdyr. Şondan soň bu ýer böleginiň
alymlary bu täsin ýazuw ulgamynyň ýadygärliklerini okamagyň aladasy bilen
ýaşapdyrlar. Aradan 200 ýyla golaý wagt geçipdir. Şol döwrüň dowamynda dürli
hili (kä-mahallar biri-birine düýpgöter çapraz gelýän) çaklamalar bilen bir hatarda
dürdäne pikirler hem orta atylypdyr. Olary juda eserdeňlik bilen aýyl-saýyl etmeli
bolupdyr. Ortada duran gadymy tekst boýunça bir alymyň eden ujypsyzja açyşy
beýleki alymyň bu ugurda alyp barýan işiniň öňe gitmegine itergi beripdir,
kämahallar bolsa, tersine, ol ony saklapdyr. Ýöne, umumylykda alanyňda,
alymlaryň işleri kem-kemden öňe gitmek bilen bolupdyr. 1802-nji ýylda, ýagny
şinehatyň ulanyşdan galan döwründen iki ýarym müň ýyl geçenden soň, ony
okamagyň açaryny tapmak nemes alymy Georg Fridrih Grotefende (1775-1853)
başardypdyr. Onuň deslap okan şinehat ýazgysy gadymy pars dilinde, ýagny

ahemeni patyşalary Dariý I-niň we Kserksiň (486-465) ýurduň paýtagty Persopol
şäheriniň şa köşkleriniň galyndylarynyň birinde saklanyp galan gysgajyk ýazgylary
bolupdyr. Olar bu alyma şinehatynyň ilkinji 13 harpyny tanamaga mümkinçilik
beripdir. Adamzadyň akyl-paýhasynyň başarjaňlygynyň çäksizdigine güwä geçýän
bu açyş heniz dili we elipbiýi hiç kime belli bolmadyk täsin hem gizlin gadymy
ýazuw ulgamyny oka-makda we teswirlemekde gazanylan möhüm we ajaýyp
üstünlik bolupdyr. Şonuň bilen bir wagtda bu açyş bu meseläni çözmekde öňe
ädilen ilkinji uly ädim bolupdyr.

Merjen NEPESOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby