Seljuk hökümdarlarynyň alyp baran beýik işleri yslam dininiň we dünýä
medeniýetiniň ösmegine, türkmen medeniýetiniň dünýä ýaýramagyna uly täsir
edipdir. Seljuklar diňe bir yslam medeniýetini kabul etmek bilen çäklenmän,
yslamy gorap saklamagy we musulman medeniýetini ýaýratmagy özleriniň esasy
wezipesi edip goýupdyrlar. Bu işde seljukly hökümdarlaryň özleri şu wezipäni
amala aşyrmagyň söweşjeň esgerleri hökmünde şahsy görelde görkezipdirler.
Şöhratly hökümdar we serkerde Alp Arslan Rumystana we Kawkaz sebitlerine
ýörişleri geçirip, şol ýerleri kuwwatly türkmen şadöwletiniň düzümine goşýar. Bu
ýerlerde türkmenler ýurt tutunanlaryndan soň, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna
türkmen we yslam medeniýeti ymykly ýaýraýar.
Seljuklar döwründe dörän gymmatlyklar dünýä medeniýetine goşulan uly
goşantdyr. Şol döwürde baý many-mazmunly medeni durmuş emele gelýär, şol
durmuş bolsa XII–XIII asyrlarda Wizantiýanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna-da
aralaşýar.

SÖÝLI Işankulyýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby