Miladydan öňki V asyryň ikinji ýarymynda Gresiýada dilewarlyk sungaty hem
ösüpdir. Gadymy grek dilewary we syýasatçy Demosfen syýasatçylar üçin
çykyşlary taýýarlapdyr, dilewarlyk sungatyndan sapak beripdir, kazyýetde we
halk ýygnagynda çykyş edipdir. Oňa degişli 117 sany çykyş, 6 sany hat
saklanyp galypdyr. Onuň döredijiligi dünýä dilewarlyk sungatynyň taryhynda
uly yz galdyrypdyr. Türkmen dilinde ulanylýan «dilewar» we «suhangöýlük»
düşünjeleri ylymda grek dilinden gözbaş alyp gaýdýan «ritorika» we «orator»
görnüşinde ulanylýar. Dilewarlyk sungaty miladydan öňki V asyrda Gadymy
Gresiýada döräpdir. Görnükli dilewarlar Aristotel (miladydan öňki 384–322-nji
ýyllar) bilen Mark Tulliý Siseron (miladydan öňki 106–43-nji ýyllar) bu
sungatyň taryhynda uly yz galdyrypdyrlar. Aristotel Efltunyň (Platon) şägirdi,
Aleksandr Makedonskiniň hem mugallymy bolupdyr. Ol özüniň meşhur
«Ritorika» («Dilewarlyk») eserini ýazypdyr. Bu işde ol ilkinji gezek
dilewarlygyň nazaryýetini işläp düzýär. Aristotel dilewarlygy adamzat
durmuşynda aýratyn bir ugur hökmünde suratlandyrýar. Onuň pikiriçe,
«dilewarlyk – bu haýsy-da bolsa bir zat barada adamlary ynandyrmagyň
usullaryny tapmakdyr».
ŞIRIN Döwranowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby