Abu Aly ibn Sinany alymlaryň bir toparynyň täzelikçi logik hasaplamagy
dogrydyr. Ol logika degişli bolan 15-den gowrak ylmy traktatlaryny ýazypdyr.
Olardan “Görkezmeler we maslahatlar”, “Bilimler kitaby”, “Sagalma” ýaly
kitaplary bellemek bolar. Bu eserlerde beýik akyldar logiskanyň meselelerini işläp
taýýarlamaklyga örän işjeň ýapyşypdyr. Akyldaryň biziň günlerimize gelip ýeten
traktatlarynyň analizi onuň pikirleriniň öz formasy hem-de mazmuny boýunça
tapawutlanýandygyny görkezýär. Meselem, “Halas bolmak kitabynda” beýik
lukman Aristotele has-da ýakyn durupdyr. Aristoteliň logika sistemasy sillogizmiň
mazmunyny we formalaryny analizlemekden başlanýan bolsa, Abu Aly ibn Sina
ilki bilen pikirlenmäniň hem-de sillogizmiň has wajyp öýjügi hökmünde
düşünjäniň tebigatyny bilmekligi talap edipdir. Diýmek, bu ýerde akyldar öz
mugallymy (Aristotel) bilen birmeňzeş pikirde bolupdyr.
Sarwinaz NURADINOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby