Milli Liderimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda türkmen milletiniň şan-şöhratly taryhynda ykdysady ösüşiň aýratynlyklaryndan habar berýän maglumatlar ata-babalarymyzyň ýaşaýyş ýörelgeleriniň ýokary derejede guralandygyna kepil geçýär. Ine, şol ajaýyp kitapdan anyk mysallar:
- Türkmen hökümdarlarynyň daşary syýasat işlerinde diňe bir güýjüni görkezmän, eýsem ykdysady we medeni ösüş derejesini hem görkezendigine taryh şaýatlyk edýär. Şeýle mysala taryhçy Menandryň Istemi hanyň Wizantiýanyň imperatory Ýustinian II ilçisi Zemarhuny kabul edişi baradaky ýazgysynda hem duş gelip bolýar. Bu ýazgyda kabul edişligiň baýlyga beslenendiginden başga-da, sungatlaryň we senetleriň ösüşi barada hem bellenilýär.
- Gadymy şumerleriň durmuşy hakynda birmahallar okanlarymdan käbirlerini häzir ýatlamak isleýärin. Olaryň şu ýerden giden gadymy ata-babalarymyzdygyny, aňrymyzdygyny tassyklaýan ylmy işlere siziň bir mütdet ünsüňizi çekeýin. Şumerleriň siwilizasiýasy taryhdan belli bolşy ýaly, bütinleýin dargaýar. Olaryň belli bir bölegi duşmanyň howpundan halas bolmak üçin maşgalalaryny alyp, ýola rowana bolýarlar. Köp muşakgatlyklary başlaryndan geçirip, esli ýöreýärler. Her hili kynçylyklara döz gelýärler. Şowsuzlyk gelse, käteler üst-üste bolarmyş diýýärler. Gämili söwda giden şumerli deňizde gaý-tupana uçrap, zordan özüni gadymy mekanyna – biziň ile atypdyr. Şonda ol dagda özüne duş gelen ildeşiniň diliniň özleriniňki ýalydygyny, olaryň hem özleriniňkidigini bilip galýar. Bulary mysal alýanlygym, taryh ylmyna goşant etmekden ötri, durmuş tymsalyny ündemekdir. Şol şumerliniň durmuşy meni biygtyýar oýlandyrdy. Hiç bir serişdesiz ýagdaýdaka, olar başlaryny çaraýarlar. Ellerini degiren zatlaryndan täze bir zady döredip bilýä
Mährijemal Hapyzowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy.