Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň telekeçilige berýän uly ähmiýetiniň netijesinde Türkmenistanda telekeçilik ösýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň halk bähbitli, haýyrly tagallalarynyň biri-de, bazar ykdysadyýetini çuňlaşdyrmakda bitirilýän işlerdir. Halkyň oňat ýaşamaga, gurplanmaga bolan islegleriniň hasyl bolmagynyň bähbitli ýollarynyň biri-de, telekeçilik bolup durýar.

Telekeçilik düşünjesiniň sözme söz manysy fiziki we ýuridiki şahslaryň öz töwekgelçiliginde we emläk jogapkärçiliginde haryt öndürmegiň, satmagyň we hyzmatlary etmegiň hasabyna yzygiderli girdeji almaga gönükdirilen özbaşdak hereketini aňladýar.

Telekeçilik işiniň häzirki döwürde ösüp barýan we ösen ýurtlaryň ykdysadyýetinde esasy orny eýeleýändigi sebäpli häzirki döwürde daşary ýurtlaryň hukuk ulgamynda telekeçilik hukugy özbaşdak hukuk pudagy hökmünde öwrenilýär. Türkmenistanyň hukuk ulgamynda telekeçilik hukugy özbaşdak hukuk pudagy diýlip kabul edilýär we degişli okuw jaýlarynda aýratyn ders hökmünde okadylýar. Telekeçilik hukugy dersiniň aýratynlykda okadylmagynyň maksady telekeçilik işini, telekeçilik gatnaşyklaryny we telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldawyň hukuk esaslaryny içgin öwrenmekden, şol ugurdaky kanunçylygyň kämilleşmegine ýardam bermekden we telekeçilik çygrynda ýüze çykýan jedellerden baş alyp çykyp biljek hukukçylary taýýarlamakdan ybaratdyr.

Bu maksatlara ýetmek üçin degişli hukuk edebiýatlaryň taýýarlanmagy we olaryň türkmen dilinde çap edilmegi ilkinji zerurlyk bolup durýar. Eliňizdäki bu okuw gollanmasynda Türkmenistanda telekeçilik işiniň hukuk esaslary bir kitapda jemlenendir.

Döwlet giň möçberli ykdysady özgertmeleri amala aşyryp, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösdürilmegine, telekeçiligiň ilerledilmegine aýratyn üns berýär. Hususy sektoryň döwlet tarapyndan goldanylmagy telekeçilere dürli salgyt-karz ýeňillikleriniň, olara guramaçylyk-tehniki kömeginiň berilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewürleriniň maýa goýum işini höweslendirýän kanunlar kämilleşdiriler. Şol bir wagtyň özünde bazar şertlerinde jemgyýetiň bitewiligini saklap galmaga mümkinçilik berýän kanunlaryň taýýarlanylmagy möhümdir. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda biziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde halkara standartyna gabat gelýän hukuk kepillikleri döredilýär, döwlet tarapyndan telekeçilik höweslendirilýär, kiçi we orta işewürlik ykdysady we hukuk taýdan goldanylýar. Sebäbi telekeçiligiň ösmegi bilen raýatlar hususy sektorynda iş bilen üpjün edilyär we öz maşgalalarynyň maddy taýdan ýägdaýlaryny gowulandyrýärlar, jemgyýetiň azyk bolçulygy emele gelýär.

şertnamalary barada düşünje, baglaşmagyň tertibi we görnüşleri hakynda gürrüň gozgalýar.

Aýratynam, telekeçilik işiniň emläkleýin esaslary, ätiýaçlandyryş işi, telekeçilik işini ygtyýarlandyrmak, gymmatly kagyzlar bazaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek we haryt nyşanlary we hyzmat ediş nyşanlary

Türkmenistanda telekeçilik işiniň düzgünleşdirilmeginde, ykdysady görnüşleriň üpjün edilmegi hukuk pudaklarynyň ählisinde diýen ýaly işe girizildi.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta 

hünär okuw mekdebiniň talyby 

Agamyradowa Aýgül Agamyradowna