Tehnologik özgertmelere bagyşlanyp ýazylan ylmy işlerde, aýratyn hem 1980-nji ýyllardan başlap durmuş faktorlaryna we olaryň tehnologiýalaryň ýaýramagyna ýetirýän täsirine barha köp üns berlip başlanýar. Sanlylaşdyrylan ulgamlary ornaşdyrmagyň esasyny, ilkinji nobatda, kompýuter tehnologiýalarynyň emele getirýändigi sebäpli olaryň döreýşini we ösüşini seljermek maksada laýyk bolar:
▪ 1834-nji ýylda Çarlz Bebbidž programmirleşdirilýän hasaplaýjy maşyny taslamalaşdyryp başlaýar.
▪ 1847-nji ýylda Džordž Bul häzirki zaman programmirleşdirmäniň esasyny, ýagny matematiki logikany döredýär.
▪ 1937-nji ýylda Klod Şennon magistrlik dissertasiýasynda sanlylaşdyrylan elektrik shemalarynyň esaslaryny beýan edýär.
▪ 1946-njy ýylda ilkinji uniwersal sanlylaşdyrylan kompýuter ENIAC döredilýär.
▪ 1954-nji ýylda General Electric kompaniýasynyň Luiswilledäki we Kentukkidäki zawodlary UNIVAC I ornaşdyrýarlar. Kompýuter ilkinji gezek biznes- gollanma (zähmet haklaryny hasaplamak we önümçilik maksatnamalaryny dolandyrmak) üçin ulanylýar.
▪ 1955-nji ýylda John Hancock Mutual Life Insurance Co kompaniýasy iki million ätiýaçlandyryş polisiniň maglumatlaryny sanlylaşdyrylan görnüşe geçirýär.
▪ 1956-njy ýylda IBM kompaniýasy maglumatlary saklaýan 350 Disk Storage Unit ulgamyny hödürleýär. Ol ýazylan maglumatlara erkin girmäge mümkinçilik berýär. Ulgamyň möçberi – 5 Меgаbaýt, agramy – 1 tonna.
▪ 1960-njy ýylda American Airlines’Awiakompaniýasy uçarlara ýol peteklerini öňünden sargyt etmek boýunça Sabre sanlylaşdyrylan ulgamy işe girizýär. Ol bir gije- gündiziň dowamynda telefon üsti bilen gelýän 84000 sany buýurmalary işläp taýýarlaýar.
▪ 1962-nji ýylda «maglumatlar bazasy» adalgasy ilkinji gezek metbugatda ulanylýar.
▪ 1965-nji ýylda Gordon Mur özüniň meşhur kanunyny şeýle görnüşde formulirleýär: mikroçipdäki gabarasy birmeňzeş tranzistrleriň sany her 8 aýdan iki esse artýar.
▪ 1969-njy ýylda Uillard Boýl we Džordž Smit ýagtylygy elektrik signala öwürmegiň usulyny oýlap tapýarlar. Onuň esasynda häzirki zaman sanlylaşdyrylan kameralar (charge- coupled device (CCD)) döredilýär.
▪ 1970-nji ýylda Edgar Kodd relýasiýa maglumatlarynyň nazary esaslaryny çap edýär.
▪ 1971-nji ýylda Maýkl Hart Illinoýs uniwersitetinde Project Gutenberg tekstiň electron ýygyndysyny girizýär.
▪ 1972-nji ýylda bazara Pulsar çykýar, dünýäde ilkinji bütinleý sanlylaşdyrylan sagat.
▪ 1975-njy ýylda Stiwen Sasson ilkinji sanlylaşdyrylan kamerany (Eastman Kodak) döredýär.
▪ 1977-nji ýylda Citibank banky ilkinji bankomaty ornaşdyrýar. 1978-nji ýylyň ýanwarynda bolup geçen apy-tupan sebäpli Nýu-Ýorkda ähli banklaryň şahamçalary ýapylýar we Citi-niň bankomatlary hasapdan nagt pullary çekip almagyň ýeke- täk usuly bolýar.
▪ 1979-njy ýylda Federal Express kompaniýasy COSMOS- y (Customers, Operations, and Services Master Online System), ýagny howanyň täsirine bagly bolup durlan ýagdaýlarda işgärleri, ulaglary, ýollamalary dolandyrýan bir kybaply ulgamy işe girizýär. Onda 80 Gigabaýtlyk maglumatlar ulanylýar.
▪ 1982-nji ýylda ilkinji täjirçilik (CD) kompakt disk ulanylyşa girizilýär.
▪ 1984-nji ýylda ABŞ-nyň maşgalalarynyň 8,2 %-i şahsy kompýuterlere eýe bolýarlar, 2013-nji ýylda bu görkeziji 83,8 %-e ýetýär.
▪ 1991-nji ýylda 2G sanlylaşdyrylan standartyň ilkinji mobil tory işe girizilýär, ýagny maglumatlaryň mobil görnüşde iberilmegi (SMS) ýola goýulýar.
▪ Sanlylaşdyrylan standartyň ilkinji mobil torunyň işe girizilmegi, maglumatlaryň mobil görnüşde iberilmeginiň ýola goýulmagy netijesinde
1992-nji ýylda Tim Bernes- Li WWW torunda ilkinji surety ýerleşdirýär.
▪ 1993-nji ýylda Global Network Navigator (GNN) Internetde ilkinji täjirçilik çap etmek işini amala aşyrýar, ýagny interaktiw görnüşdäki mahabatyň ilkinji gezek ulanylyşy bolup geçýär.
▪ 1994-nji ýylda Teradata kompaniýasy maglumatlary saklaýan iň uly ulgamy 10 Terebaýty hödürleýär.
▪ 1994-nji ýylda Pizza Hut restoranyndan onlaýn pissa üçin ilkinji buýurma taryha girýär, megerem Internetdäki ilkinji ykdysady transaksiýa bolup geçýär.
▪ 1995-nji ýylda ilkinji gezek bütinleýin kompýuter grafikasynyň kömegi bilen doly metražly film döredilýär.
▪ 1996-njy ýylda maglumatlary sanlylaşdyrylan görnüşde saklamak, kagyz görnüşde saklamakdan arzan düşýär.
▪ 1996-njy ýylda E-gold – ilkinji şowly sanlylaşdyrylan walýuta döredilýär.
▪ 1998-nji ýylda Beýik Britaniýada we ABŞ-da sanlylaşdyrylan telewideniýe görkezilip başlanýar.
▪ 1999-njy ýylda Wal-Mart kompaniýasy 180 Terabaýt möçberinde iň uly täjirçilik maglumatlar bazasyny ulanýar.
▪ 2000-nji ýylda plýonkaly suratlaryň sany taryhy iň ýokary derejä – 85 milliarda ýetýär.
▪ 2000-nji ýylda MP3-pleýerler i2Go-ny öndüriji September MyAudio2Go. com dolanyşyga girizýär, ýagny sazlary, habarlar we sport gepleşiklerini hem-de beýlekileri audio- ölçege ýazdyryp alyp bolýar.
▪ 2003-nji ýylda ABŞ-da electron tölegleriň möçberi nagt we çek arkaly amala aşyrylýan töleglerden geçýär.
▪ 2003-nji ýylda ABŞ-da satyn alynýan DVD-leriň sany satyn alynýan wideokassetalardan geçýär.
▪ 2007-nji ýylda dünýäniň maglumatlarynyň 94%-i sanlylaşdyrylan formatda saklanýar, 20 ýyl ozal (1986) dünýäniň maglumatlarynyň 99,2%-i analog görnüşindedi.
▪ 2007-nji ýylda Estoniýanyň parlament saýlawlarynda Internetiň üsti bilen ses bermek mümkinçiligi döredildi.
▪ 2007-nji ýylda Interneti ulanýan amerikanlaryň 36%-i Wikipediýa (erkin ensiklopediýa) ýüz tutýarlar.
▪ 2008-nji ýylda Satoşa Nakamoto (lakamy) Bitkoýnyň beýanyny, ýagny ilkinji desentralizasiýa edilen kriptowalýutany paýlaşdyrylan ýazgylaryň tehnologiýalarynyň (blockchain) esasynda çap edýär.
▪ 2010-njy ýylda sanlylaşdyrylan kameralary öndürmegiň ýokary göterilişi (120 million) bolup geçýär.
▪ 2011-nji ýylda Amazon. com electron kitaplary çap edilen kitaplara görä köp satýar.
▪ 2012-nji ýylda Facebookda saklanýan maglumatlaryň möçberi her ýylda 180 Petabaýt ösýär, 4 ýylda ösüş 2500 essä deň bolýar.
▪ 2012-nji ýylda electron dükanlaryň söwdasynyň her ýyldaky möçberi 1 trillion dollardan geçýär.
▪ 2014-nji ýylda Interneti ulanýanlaryň sany dünýäde 3 milliard adamdan geçýär.
▪ 2017-nji ýylda bitkoýnyň bahasy 20000 dollara ýetýär, 2010-njy ýylda ol 4 sente durýardy.
▪ Stiw Jobsyň (1955–2011) esaslandyrylan Apple kompaniýasy 2018-nji ýylda, sonar bolsa Amazon kompaniýasy taryhda ilkinji gezek kapitallaşdyrmasy 1 trillion dollardan geçýän kompaniýalar bolýarlar.
Guwanjowa Güljemal
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Magistrant talyby.