Maliýe syýasaty puluň hümmetsizlenmegine, işsizlige garşy çäreleriň amala aşyrylmagyna, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň üpjün edilmegine gönükdirilýän durmuş-ykdysady syýasatynyň bir bölegi bolup durýan döwletiň karz-pul syýasaty bilen ýakyn arabaglanyşykdadyr. Býujet, salgyt, maýa goýum, durmuş we gümrük syýasatlary döwletiň geçirýän maliýe syýasatynyň esasy ugurlaryna degişlidirler.

Türkmenistanyň geçirýän býujet syýasaty býujet gurluşynyň görnüşini we ähli býujet prosesini tertipleşdirýän Türkmenistanyň Býujet kodeksine we beýleki kanuny namalaryna esaslanýar. Aslyýetinde býujet syýasaty býujetiň çykdajylar böleginiň gurluşy, aýry-aýry derejedäki býujetleriň arasynda çykdajylaryň paýlanylyşy, býujet ýetmezçiliginiň üstüniň ýapylyşynyň çeşmeleri we usullary, döwlet bergisini dolandyrmagyň tärleri bilen şertlendirilýär. Býujet syýasatynyň durmuş-ykdysady gönükdirmesi ýokarda agzalyp geçilen müşgilleriň çözüliş ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr.

Salgyt syýasaty salgyt ulgamynyň gurluşynda öz beýanyny tapýar. Bazar ykdysadyýeti ösen döwletleriň salgyt ulgamlary salgytlaryň görnüşleriniň we salgyt salynýan binýatlaryň köpdürliligi, şeýle hem salgyt töleýjileriň salgyt edaralary bilen ýüze çykýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň aýratynlyklary bilen häsiýetlendirilýär. Ýöne, şoňa garamazdan, halkara salgyt tejribeliligi salgyt ulgamynyň gurluşynyň we oňa çemeleşmeleriň takyk ýörelgelerini işläp düzdi, aýry-aýry salgytlaryň we salgyt salmak ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň oňaýsyz netijelerini äşgär etdi.

Salgyt ulgamynyň gurluşynyň esasy ýörelgelerine şular degişli edilýärler:  1) keselik we diklik deňligi; 2) salgytlaryň bitaraplygy; 3) hökümet üçin salgytlaryň ýygnalyşynyň çemeliligi; 4) aýry-aýry salgytlary ornaşdyrmakdan iň bir pes höweslendiriş netijäni berýän alamatlaryň pese düşürilmegi; 5) salgydy tölemekden boýun gaçyrmaklygyň kynlaşdyrylmagy. Şol bir şertlerde işini amala aşyrýan edara we şahsy görnüşli taraplaryň birmeňzeş salgytlary tölemekleri keselik deňligini alamatlandyrýar. Ilatyň garyp gatlaklaryna garanyňda baý gatlaklarynyň deňölçeglikli has uly möçberli salgytlary tölemekleri dik deňligi aňladýar. Galyberse-de, halkara salgyt tejribesi şulary subut etdi:

– salgyt ulgamy açyk bolmalydyr. Salgytlaryň sanynyň we salgyt salynýan binýatlaryň köpelmegi, salgytlary ýygnap almak boýunça çykdajylaryň, tölenmedik salgytlaryň pul möçberleriniň we jerimeleriň artmagyna getirýär;

– göni salgytlar (girdejiler, emläk) salgyt özeniniň esaslaryny düzmelidir;

– salgyt salmagyň gytaklaýyn ulgamynyň agdyklygy girdejileri pes derejeli ilatyň esasy gatlaklaryna salgyt basgyjynyň ýokarlandyrylmagyna getirýär, bu bolsa girdejileriň derejesiniň meňzeş däldiginde sarp edilişiniň birmeňzeşligi bilen kesgitlenilýär;

– gytaklaýyn salgytlary salgyt ulgamyna saglyga zyýanly harytlaryň we zynatly zatlaryň sarp edilişini çäklendirmek üçin ornaşdyrmalydyr;

– ýokary möçberli salgytlar maýanyň daşary ýurtlara geçirilmegine ýardam bolýandygyny göz öňünde tutmalydyr;

– ykdysadyýetiň çökgünlige sezewar bolan döwründe salgyt basgyjyny pese düşürmek maksadalaýykdyr, bu bolsa içerki maýa goýum mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam bolmalydyr.

Türkmenistanda salgyt hukuk gatnaşyklary “Salgytlar hakynda” Türk-menistanyň Bitewi kanunynyň kadalary bilen tertipleşdirilýär.

Aýsenem Nepesowa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we

dolandyryş institutynyň mugallymy.