Dolandyrmak adamlaryň işiniň ähli ugurlaryna mahsusdyr. Dolandyrmak işleri şahsyýet, maşgala, topar, kärhana, pudak, döwlet, sebit, dünýä we başga derejelerde amala aşyrylýar. Dolandyrmak – belli bir anyk netije almak üçin takyk obýektlere niýetlenen maksatly tasirleriň we usullaryň jemidir. Maliýäni dolandyrmak – dolandyryş işiniň möhüm çygry bolmak bilen ony özboluşly usullaryň (seljerme, çaklama, deňeşdirme) we tärleriň, şol sanda aýry-aýry höweslendiriş gurallaryň we jerimeleriň kömegi bilen ýöriteleşdirilen edaralar tarapyndan amala aşyrylýan işiň görnüşidir. Oňaýly netije gazanmak üçin dolandyryş işi jemgyýetiň ösüşiniň adama bagly däl (obýektiw) ykdysady kanunlarynyň öwrenilmegine esaslanmalydyr. Emma netijeli dolandyrmak üçin adama bagly (subýektiw) täsirleri hem göz öňünde tutmalydyr. Netijeli dolandyrmak üçin dolandyryjylarda dürli ugurlardan bilimleri bolmaly, şol sanda hukuk, ykdysadyýet, logistika, etika, estetika, informatika we başga ugurlar boýunça. Ýyl-ýyldan dolandyryjylaryň bilimleri artmaly. Sebäbi, ylmy-tehniki ilerlemesi (progresi) ýyl-ýyldan kämilleşýär, hyrydarlyk ösüp ütgeýär, täze innowasion tehnologiýalar durmuşa ornaşdyrylýar. Şolar bilen tanyşmak, olary ulanmak, ornaşdyrmak dolandyryjylaryň esasy wezipeleriň biri bolup durýar

Maliýe menejmentiň ýörelgeleri şulardan ybarat:

– maliýe menejeriň hereketleri belli maksatlara gönükdirilip, olary gazanmak üçin ulanylýan serişdeler anyk bolmalydyr;

– dolandyryş hereketleri jemlenilen bolmaly, hem-de çaklaýyş, meýilnamalaşdyryş, seljeriş, sazlaşdyryş we derňew işlerini öz içine almalydyrlar;

– geljekki we gündelik meýilnamalar bir-birine gabat gelmeli we üznüksiz bolmaly; – maliýe dolandyryş çözgütlere gözegçilik edilmelidir;

– dolandyrylýan subýekte we onuň hemme agzalaryna netijeli, pikirlenip işlär ýaly maliýe höweslendirijileri hem başga usullary ulanmalydyr;

– işgärleriň her birine aýratynlykda ýekebara seretmelidir we olaryň mümkinçiliklerini doly derejede (maksimal) ulanmalydyr;

– her bir işgär öz bilimlerini kämilleşdirmek bilen gyzyklanmalydyr, mydama okap täze usullary öwrenmelidir;

– işgärleriň arasynda sagdyn psihologik şertler döretmelidir;

– wezipeleri we dolandyryş meseleleri çözmek üçin dolandyrylyşyň guralyş düzümi ýiti bolmalydyr.

Gülälek Çerkezowa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we

dolandyryş institutynyň mugallymy.