Dolandyrmak – bu takyk netijelere ýetmek maksady bilen göz öňün-de tutulan binýatlara täsir etmek üçin peýdalanylýan usullaryň we tärleriň jemidir. Dolandyrmak ynsan işiniň ähli çygyrlaryna, şol sanda maliýe çygryna hem mahsusdyr. Iri möçberde amala aşyrylýan islendik jemgyýetçilik ýa-da bileleşik işi belli bir derejede dolandyrmaga degişlidir. Adamlaryň maksatly gönükdirmesi bolan aňly-düşünjeli iş hökmünde maliýäniň dolandyrylyşy jemgyýetiň kanuny ösüşi baradaky bilime we ylma esaslanýar. Şunuň bilen birlikde, maliýäniň dolandyrylyşyna degişli dolandyryş guramalaryň üsti bilen döwletiň özi hem degişli täsirini ýetirýär.

Maliýäniň dolandyrylyşy dolandyryş işiniň möhüm çygrydyr, ony öz-boluşly usullaryň we tärleriň, şol sanda aýry-aýry höweslendiriş gurallaryň we jerimeleriň kömegi bilen ýöriteleşdirilen edaralar amala aşyrýarlar. Ussatlyk bilen amala aşyrylýan maliýäniň dolandyrylyşy meýilnamalaşdyrylýan meseleleri çaltdan-çalt çözmek maksady bilen peýdalanylýan usullaryň arasynda has netijeli usullaryň saýlanyp alynmagyndan ybaratdyr.

Dolandyrylyşyň islendik beýleki ulgamynda bolşy ýaly, maliýäniň dolan-dyrylyşynda dolandyrylyşyň obýektleri we subýektleri tapawutlandyrylýar. Maliýäniň dolandyrylyşynda maliýe gatnaşyklarynyň aýry-aýry görnüşleri obýekt, dolandyrylyşy amala aşyrýan guramaçylyk edaralary bolsa subýekt hökmünde çykyş edýärler. Maliýe gatnaşyklarynyň toparlandyrylyşyna laýyklykda (1-nji şekil) obýektleriň 4 (dört) topary, çünki, döwlet maliýesi, ýerli häkimiýet maliýesi, öý hojalyklaryň maliýesi we ykdysady subýektleriň maliýesi tapawutlandyrylýar. Olara maliýäni dolandyrýan şu subýektler degişlidirler: maliýe we salgyt edaralary, ykdysady subýektleriň maliýe bölümleri. Maliýäniň dolandyrylyşyny amala aşyrýan guramaçylyk edaralarynyň ählisiniň jemi maliýe apparaty diýlip atlandyrylýar.

Maliýäniň dolandyrylyşynyň subýektleri maliýe gatnaşyklarynyň her bir çygrynda we düzüminde maliýä maksatly ugurlar boýunça täsir edilişiniň özboluşly usullaryny ulanýarlar. Şonuň bilen birlikde olara maliýäniň dolandyrylyşynyň bitewi tärleri we usullary mahsusdyr. Mysal üçin, maliýäniň dolandyrylyşynda şulary belläp geçmek zerurdyr: meýilnamalaşdyrylyşy, derhal dolandyrylyşy, gözegçiligi.

Nursoltan ŞAGULYÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyñ talyby.