Gymmatly kagyzlar bazarynda emitentleriň öz gymmatly kagyzlary we olaryň çalşyryjylary (sertifikatlar, kuponlar we ş.m.) dolanýarlar. Gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylaryny üç topara bölmek bolýar:
– emitentler – özüne zerur bolan pul serişdelerini çekmek üçin gymmatly kagyzlary çykarýan taraplar;
– maýadarlar – girdeji, emläk we emläk däl hukuklaryny almak maksady
bilen gymmatly kagyzlary satyn alýan taraplar;
– araçyllar – özleriniň öňünde goýýan maksatlaryna ýetmek üçin emitent-lere we maýadarlara hyzmatlary amal edýän taraplar.
Gymmatly kagyzlar bilen geçirilýän amallaryň möhletleri bilen baglany-şyklykda gymmatly kagyzlar bazary spot we möhletli bazarlara bölünýär. Spot bazarynda gymmatly kagyzlaryň pul serişdelerine çalşygy, köplenç, geleşik geçirilen mahalynda amala aşyrylýar. Möhletli bazarda söwda möhletli şertna-malary bilen geçirilýär. Forward bazary – bu geljek döwürde ahyrky hasapla-şyklary geçirmek bilen hakykatda hereket edýän gymmatly kagyzlary takyk senede satmak barada ylalaşýan taraplaryň bazarydyr. Fýuçers bazary – bu gymmatly kagyzlary ýa-da maliýe bazarynda häzirki döwürde satylyp ýören maliýe gurallary gelejekde takyk möhletde almak-satmak barada şertnamalar bilen söwdanyň amala aşyrylýan bazarydyr. Opsion bazary – hereket edýän möhleti tamamlanýança öňünden kesgitlenilen baha boýunça takyk maliýe gurallaryny almak we satmak boýunça hukuk berýän şertnamalaryň satylyp-satyn alynýan bazarydyr. Öňünden kesgitlenilen baha opsionyň ýerine ýetiriliş baha-sy diýlip atlandyrylýar. Swoplar bazary – bu gymmatly kagyzlar bilen geleşige gatnaşýan taraplaryň arasynda şertnamalar bilen gönüden-göni çalşylýan bazarydyr. Şu bazar gelejekde takyk kesgitlenilen möhletde iki sany maliýe borçnamalary bilen ikitaraplaýyn çalşygyň geçirilmegini kepillendirýär. Forward geleşiklerden tapawutlylykda, swop her bir borçnama boýunça jemleriň arasynda ýüze çykýan arassa aratapawudynyň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Galyberse-de, forward şertnamalaryndan tapawutlylykda, swoplar boýunça ikitaraplaýyn borçnamalaryň anyk ölçegleri, adatça, düzedilmeýärler we göterimiň möçberiniň derejesine, alyş-çalşyň hümmetine we beýleki ululyklara laýyklykda üýtgäp bilýärler.
Atajanow Ikbalbek,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.