Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatlarynyň binýadynda ýurdumyzda sanly ulgamyň ýaýrway has-da giňeldilýär. Muny «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem aýdyňlygy bilen subut edýär. Bu Kanunyň esasy maksady ýurdumyzda elektron resminamalaryň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýy bilen bir hatarda, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitlemekden, bu ugurda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky meseleleri düzgünleşdirmekden ybarat bolup durýar. Şu jähetden hem, ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda sanly elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlaryny döretmek hem-de olaryň işe girizilmegi bilen bagly birnäçe resminamalar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň kararlary esasynda 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we 2018-nji ýylda «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de 2020-nji ýylda «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» tassyklanyp, yzygiderli amala aşyrylýar. Bu gün ösen sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşlerini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde halkyň durmuşynda uly orun eýeleýär. Sanly ulgam arkaly işleriň alnyp barylmagy we durmuşa ornaşdyrylmagynyň özi hem eýýäm, bu ugurlarda dünýä tejribesinde gazanylan oňyn netijeleriň geljekki strategik ugurlarynyň ýurdumyzda amala aşyrljakdygyny kepillendirýär.
Ejegül Nazarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby