Çeper elli gelin-gyzlarymyzyň asyrlaryň dowamynda çeken keşdeleridir gaýan gaýmalary, dokan halylarydyr ketenileri bütin dünýäni haýrana goýýar. Gelin-gyzlarymyzyň nepis keşdelenen eşiklerini, owadan tahýalaryny, Gün nuruna şugla saçýan ajaýyp şaý-seplerini synlanyňda haýran galmazlyk mümükin däl. Şeýle gözellikler diňe bir türkmen zenanlarynyň bezegi bolman, eýsem, eli çeperliginiň beýany bolup, olaryň mertebesini has belende göterýär.
Öý şertlerinde tikin-çatyn işlerini etmek gelin-gyzlaryň görki-gelşigi, edep-ekramydyr. Ol asyllylygyň, başarjaňlygyň, maksada okgunlylygyň, erjelligiň nyşanydyr. Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri, ýöne bir senet däldir, ol ajaýyp we gözel sungatdyr.
Şeýle gözel sungatlary biri hem tahýadyr. Ol gadymy başgap bolup, dürli keşdeler bilen bezelýär. Ony, tikiliş aýratynlygyna görä, oglanlar hem gyzlar geýýär. Oglanlaryň geýýän tahýasyna «akgaýma», gyzlaryň geýýän tahýasyna «gültahýa» diýilýär. Gyzlaryň tahýalary diňe nagyşlar bilen däl, eýsem dürli gönüşli bezegler, monjuk, gaş, alaja, çekelik, hünji bilen hem bezelipdir. Milli tahýalar keşdeleriň örän syk gaýalyşy bilen tapawutlanyp, olar tutuş tahýanyň ýüzüni tutupdyr. Olary içgin synlasaň, ene topragymyzyň ýylysyny, zenan kalbynyň gözelligini, tebigatymyzyň köpöwüşginli ajaýyplyklaryny görmek bolýar.Tahýa saçyny iki örüp, öňünden goýberýän gyzlarymyzyň görküne görk goşýar. Gyz durmuşa çykanda bolsa, öz tahýasyny baldyzyna berýär. Munuň hem täze gelin bilen onuň baldyznyň turuwbaşdan ysnyşyp gitmeginde ähmiýeti uludyr. Sebäbi gelnejesi ençeme ýyllap depesine täç eden iň arzyly zadyny – gültahýasyny baldyzyna bagyşlaýar. Şeýdibem baldyzyna sylagynyň ýokarydygyny aňladýar. Baldyz hem gelnejesiniň bu sylagyna özüniň hormat-söýgüsi bilen jogap berýär.
Tahýalaryň tikilişinde hem özboluşly aýratynlyklar bardyr. Çeper elli zenanlarymyz tahýa tikmek üçin çem gelen iňňäni ulanaýmandyrlar. Onuň üçin «keşde iňňe» diýlip atlandyrylýan inçejik hem-de gysga iňňäni saýlapdyrlar. Edil şonuň ýaly, tahýanyň nagyşlary üçin saýlanyp alnan sapaklar hem tapawutly bolupdyr. «Keşde sapak» diýlip atlandyrylýan ol sapaklar her birine aýratynlykda tow berlip işilen inçejik ýüpekden taýýarlanypdyr.Häzirki döwürde hem eli çeper gelin-gyzlarymyzyň zehin siňdirip tiken tahýalary ýaşlarymyzyň görküne görk goşýar.
Reýimbaýewa Şahida,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby