Türkmen milli halyçylyk sungaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýörelgelerimiziň aýrylmaz bölegi bolup, Türkmenistanyň ilatynyň medeni özboluşlylygynyň görkezijisi hökmünde uly orun eýeleýär. Türkmen halysy asyrlaryň jümmüşinden geçip, öz nagyşlarynda taryhy we halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny nepislik bilen şöhlelendirýär.

Türkmen Halysy özüne mahsus ruhy medeniýeti we nepisligi özünde jemleýär. Türkmenistanda geçirilen gazuw agtaryş işlerinde halkyň haly sungatynyň gadymy döwürlere uzandygyna galyndylar şayatlyk edýär. Türkmen Halylarynyň irki nusgalary wagtyň geçmeği bilen yitipdir yöne, özboluşlylygyny saklapdyr. Häzirki wagta çenli tapawudyny goramagy başarypdyr. Türkmen halysynda ak, sary, gara reňkler bilen bir hatarda has hem gyzyl reňk agdyklyk eder. Haly dokamak bilen köplenç ayal-gyzlar meşgul bolar.

Türkmen gelin gyzlarymyzyň elleri bilen döredýän şeýle ajaýyp sungat 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karar bir agyzdan kabul edildi.

Häzirki wagta çenli dünýäniň in uly halylarynyň Türkmenistanda dokalandygyny buysanç bilen aýdylyp bilner. 2001 ýylda dokalan Türkmen halysy Guinnes Rekorlar kitabyna girmegi başardy. Halynyň agramy 1 ton 200 kilogramdyr. 2004 ýylynda bolsa Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi üçin Türkmen halyçylary uly halylar dokadylar. Türkmen halylarynyň gölleri Türkmenistanyň baýdagynda we gerbinde ýerleşdirilendir. Bu bolsa türkmen gelin-gyzlarymyzyň el hünärine aýratyn baha berilýändiginiň subutnamasydyr. 1992-nji ýyldan bäri bolsa Türkmenistanda her ýylyň Maý aýynyň soňky dynç güni “ Haly Baýramy” giňden bellenip geçilmesi Türkmenler üçin halynyň gadyr gymmaty nähili ýokary bolandygynyň aýdyň görkezmesidir.

Amannazar GARAÝEW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ Halkara ykdysadyyeti we menejment fakultetiniñ Halkara ykdysadyýeti hünäriniñ 2-nji ýyl talyby