Ýer ýüzünde guşlaryň 10 müňden gowrak görnüşiniň bardygy çaklanylýar. Olaryň ganatly, ganatsyz, ýelekli, uçup bilmeýän we beýleki birnäçe görnüşleri bar. Beýleki jandarlardan tapawutlylykda guşlar Ýer ýüzüniň ähli ýerinde diýen ýaly duş gelýärler. Olaryň käbir görnüşi baradaky gyzykly maglumatlary size ýetirýäris.

Gyzyl (gyrmyzy) kekeçli turako guşy

Afrikanyň birnäçe ýurtlarynda duş gelýän bu guşuň üýtgeşikligi gyzylja ýelekleriniň bolmagydyr. Onuň boýy 45-50 santimetre barabardyr. Turakonyň agramy bolsa 210—325 grama golaýdyr. Olar miweler, tohumlar, mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Bu owadan guşlar, köplenç, jübüt bolup, seýrek ýagdaýda kiçiräk topar bolup ýaşaýarlar.

Wilsonyň jennet guşy

Ajaýyp reňki bilen belli bolan bu guş Waýgeo we Batanta hem-de Papua adalarynyň pes tokaýlarynda duş gelýär. Olaryň owadan gara ýelekleri, täji, gara ýokarky ganatlary, sary we gök reňkli aýaklary bolýar. Uzynlygy 10-16 santimetre, agramy 53-67 grama golaý bolan bu guşuň guýrugy üýtgeşik egrelen görnüşde bolýar. Bu ajaýyp guşlar miwedir mör-möjekler bilen iýmitlenýärler.

Altynsow sülgün

Bu guş sülgünler maşgalasyna degişli bolup, ýelekleriniň örän owadan reňki bilen meşhurdyr. Olaryň Watany Hytaýdyr. Guýruk ýeleklerinde ajaýyp gara tegmilleri bolan bu guşlar, esasan, miweler, tohumlar we mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Altynsow sülgünler tebigatda seýrek duş gelýärler. Olar bezeg guşlary hökmünde haýwanat baglarynda, guşçulyk fermalarynda saklanylýar.

Ajaýyp kwetzal guşy

Merkezi Amerikanyň tropiki tokaýlarynda we daglyklarynda seýrek duş gelýän guş bolup, mör-möjejikler we hažžyklar bilen iýmitlenýärler. Ajaýyp kwetzalyň latynça ady «Pharomachrus mocinno» bolup, onuň aýratynlygy üýtgeşik reňkliligindedir. Bu guşlaryň uzynlygy 36—40,5 santimetre deňdir.

Döwletmyradowa Jahan,

Türkmenistanyň telekommunikasiýalary we informatika institutynyň talyby.