Ata-babalarymyz oýundyr oýnawaçlaryň üsti bilen çagalara ulyny sylamak, kiçini söýmek we gerek bolan mahalynda adamlara kömege gelmek ýaly düşünjeleri ündäpdirler. Oýun mahalynda birek-biregi diňlemegi başarmagy, geçirimlilik ýaly häsiýetleri terbiýelemäge çalşypdyrlar.

Milli oýunlar we çaga oýnawaçlary çaganyň bedenini berkitmäge, pikirleniş ukyplaryny ösdürmäge, zähmete ugrukdyrmaga we kämil şahsyýet bolup ýetişmäge ýardam edýär. Halkymyz ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn bolup ýetişmeginde dürli tärleri ulanypdyrlar. Şolaryň arasynda iň täsirlisi türkmen milli oýunlary we oýnawaçlary bolupdyr. Oýunlaryň we oýnawaçlaryň üsti bilen çaganyň ösüp barýan beden gurluşynyň kadaly ösmegi üpjün edilipdir.

Oýunlar ýaş aýratynlyklary, oýnuň düzgünleri hem-de görnüşleri boýunça dürli toparlara bölünýär. Türkmen milli oýunlarynyň görnüşlerini şu tertipde sanamak bolar: hereketli, paýhas, toý-baýramçylykda oýnalýan oýunlar, ýaş aýratynlyklary boýunça, keşpli we başgalar. Sanawaçlar oýunda uly ähmiýete eýe bolup, her bir oýnuň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýerine ýetirilýär.

Türkmen milli oýunlarynyň arasynda hereketli oýunlar çaga üçin has zerurdyr. Hereketiň az edilmegi diňe bir adamyň saglygyna zyýan ýetirmän, eýsem, onuň ruhy ösüşine hem päsgel berýär. Hereketli milli oýunlar çaganyň hereketlerini işjeňleşdirip, täze ukyp-başarnyklary ýüze çykarýar. Mundan başga-da, hereketli oýunlar çaganyň fiziki güýjüni we bedenini berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Olaryň arasynda «aýterek-günterek», «ogar-ogar», «guşak goýdy», «ýerden beýik» ýaly milli oýunlar çagalaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir.

Türkmen milli oýunlarynyň arasynda paýhas oýunlary çaganyň pikirleniş ukyplarynyň ösmegine ýardam berýär. Paýhas oýunlary erkin pikir ýöretmäge, olaryň bilesigelijilik ukyplaryny kämilleşdirmäge, dünýägaraýşyny ösdürmäge mümkinçilik döredýär.

Paýhas oýunlarynyň arasynda ýörgünlilerinden «küşt», «düzdüm» we «soňky harp» ýalylary has bellärliklidir. Göräýmäge «soňky harp» oýny täze bolsa-da, çagalaryň arasynda ýygy-ýygydan oýnalýan oýundyr.

Toý-baýramlaryň bezegi bolan milli oýunlar häzire çenli öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Şeýle oýunlaryň arasynda «ýaglyga towusmak», «göreş», «keçe-keçe», «ýüzük bukdy», «aşyk sülmek» ýörgünlidir.

Milli oýunlaryň arasynda «keşpli» oýunlar hem uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Olarda çagalar durmuşdan, eşidýän ertekileridir gürrüňlerinden belli bolan wakany ýerine ýetirýärler.

Durdyýew Pirhan,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy hünäriniñ 1-nji ýyl talyby.